Türkmenistanyň wekiliýeti ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we çölleşmä garşy göreş tejribesi bilen tanyşmak üçin Türkiýede bolýar.
Tanyşlyk sapary BMGÖM-niň «Peýda almak üçin Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatly ekosistemalary gorap saklamak we yzygiderli dolandyrmak» GEF taslamasynyň çäginde geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň hataryna ministrlikleriň we bölümleriň wekilleri girdi.
Alty günlük saparyň dowamynda wekiller Howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we şäher ösüşi ministrliginiň we Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministrliginiň ýerli bölümleriniň ýerlerine baryp gördüler.
Adana şäherinde gatnaşyjylara topragyň hasyllylygyny we durnukly oba hojalygyny ýokarlandyrmak boýunça ýerli başlangyçlar barada maglumat berildi.
Konýa şäherinde tokaý döretmek we suw tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça uly göwrümli taslamalar barada gürrüň berildi. Gaziantepede gatnaşyjylara çölleşmäniň öňüni almak we tebigaty goramak boýunça şäher we oba jemgyýetleriniň bilelikdäki işleriniň netijeleri hödürlendi.