5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we «Dizaýn plýus» döredijilik birleşigi galyndylardan öndürilýän önümleriň täze bäsleşigini yglan edýär. Oňa höwesek her kişi gatnaşyp biler.
Daşky gurşaw hakynda alada edýärsiňizmi? Gaýtadan işlenen önümlerden we galyndylardan özboluşly önümleri döredip bilýärsiňizmi? Daşky gurşawy goramagyň ýörelgelerine eýerýärsiňizmi? Indi bu hakda başgalara gürrüň bermegiň wagty geldi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin galyndy çig maldan (plastik çüýşelerden, kartondan, kagyzdan, dokma önümlerinden we ş.m.) önüm öndürmeli. Gatnaşyjynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşy, önümiň ady we ulanylan çyg malyň gysgaça beýany barada maglumatlary ýasalan önüme berkitmeli.
Bellik! Önümiň ululygy islendik ölçegde bolup, 50 santimetrden geçmeli däldir.
Bäsleşigiň eminleri önümlere aşakdaky bäş ugur boýunça baha bererler:
• Bäsleşigiň temasyna laýyklygyna;
• Aňladýan pikiri we onuň ýerine ýetirişiniň özboluşlylygyna;
• Owadan, nepis görnüşine;
• Önümiň mümkinçilikleri («Iň peýdaly önüm» ugry üçin);
• Ekologik iş («Ekologiýa taýdan iň arassa önüm» ugry üçin).
Bäsleşigiň ahyrynda her ugurdan ýeňijiler üçin döredijilik işleriniň sergisi we baýraklar meýilleşdirilýär. Oňa gatnaşanlaryň hemmesine höweslendiriji şahadatnamalar gowşurylar.
Işler 9-njy iýuna çenli şu salgyda kabul ediler: Azady köçesiniň 61-nji jaýy, «Ylym» neşirýaty. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99361893832. Elektron poçta: şuatchy.jemg@gmail.com.
Bäsleşigiň maksady: galyndylar meselesine ünsi çekmek, gaýtadan ulanmaga döredijilikli çemeleşmek we gaýtadan ulanylýan çig mallaryň çäksiz mümkinçiliklerini görkezmekdir.