Ï Durnukly ykdysadyýeti we maliýe ýagdaýyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlar toparynyň mejlisi bolup geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durnukly ykdysadyýeti we maliýe ýagdaýyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlar toparynyň mejlisi bolup geçdi

view-icon 3140
Durnukly ykdysadyýeti we maliýe ýagdaýyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlar toparynyň mejlisi bolup geçdi

28-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Durnukly ykdysadyýet hem maliýe boýunça iş toparynyň ilkinji garyşyk ýygnagyny geçirdi.

Iş topary ýurduň umumy ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmegi üçin Türkmenistan hökümeti bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly halkara guramalaryň hem-de diplomatik wekilhanalaryň maliýe we ykdysadyýet pudagynda netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýar.

Duşuşyga Aşgabat diplomatik jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy, olara iş toparynyň maksatlary we meýilleşdirilen işleri barada maglumat berlipdi. Mundan başga-da, ösüş hyzmatdaşlaryndan hasabatlar hödürlendi we hyzmatdaşlyk hem açyk gepleşik arkaly Türkmenistanyň durnukly ykdysady we maliýe ösüşine ýardam etmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräni guranlara wekilçilik edýänleriň çykyşlarynda SEF toparynyň işiniň Türkmenistanyň halkyna we hökümetine tutuş dünýä bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, sanly we ýaşyl ykdysadyýete doly gatnaşmagyna, şeýle hem hemmeler üçin ykdysady mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdiriljekdigi bellendi. Şunda BMG we hyzmatdaşlar tarapyndan ykdysady ösüş hem ösüşi maliýeleşdirmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak niýeti we iş ýagdaýyny gowulandyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin görülýän çäreleriň çäginde aýratyn möhümdigi nygtaldy.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň belleýşi ýaly, halkyna peýda getirýän, iş orunlaryny döredýän we ösüşi hem hyzmatdaşlygy maliýeleşdirmäge goşant goşýan işjeň we köpugurly düzgünlere esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmekde ýurdy goldamak üçin saz we çeýe çemeleşmeler zerurdyr. Yzygiderli maglumat alyş-çalşygy bolsa bu ugurdaky hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň üstüni ýetirer.

SEF-iň iş topary sazlaýşy gowulandyrmak, bilim alyşmak, habarlylygy ýokarlandyrmak we ykdysady hem-de maliýe ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, täsirli ýerlik döretmek üçin duşuşyklary yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýär.