2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen hökümete degişli bolmadyk Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň müdiri Hilary Poweriň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşyk adam hukuklary çygrynyň häzirki zaman ugurlary boýunça geljekki hyzmatdaşlyk üçin taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem ynsanperwer ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we görnüşleri boýunça pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen taraplar Ženewanyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ylalaşdylar.