Aşgabatda 1-nji we 2-nji iýunda şenbe hem-de ýekşenbe günleri Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Paýtagtymyzyň konsert zallary we seýilgähleri dynç günleri tutuş maşgala bolup dynç almaga çagyrýar.
Iýun aýynyň 1-ne sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Bagtyýarlyk owazlary» atly baýramçylyk konserti bolar. Onda sazçylyk mekdepleriniň we medeniýet köşkleriniň okuwçylary türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň belli saz eserlerini ýerine ýetirerler.
Iýun aýynyň 1-ne «Watan» kinokonsert merkezi «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň guran «Çagalyk planetasy» festiwalyna çagyrýar. Çäräniň myhmanlary ýurdumyzyň welaýatlaryndan döredijilik zehinli çagalaryň çykyşlaryna syn ederler. Festiwal sagat 15:00-da başlanýar. Giriş tölegsiz.
2-nji iýunda paýtagtymyzyň «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Çagalar gaznasynyň goldamagynda «Agama» alpinizm kluby «Çagalar gaýa festiwalyny» geçirer. Çäreler sagat 10:00-dan sagat 14:00-a çenli geçiriler. Festiwalda 5 ýaşdan 13 ýaş aralygyndaky çagalar gaýa dyrmaşmakda güýjüni synap we özi üçin sportyň bu gyzykly görnüşini açyp bilerler.
Bellik! Festiwala gatnaşmak üçin şu: +99365811355 telefon belgi boýunça deslapdan tabşyryk bermeli.
Oňa gatnaşýanlaryň ýany bilen dogluş hakyndaky şahadatnamasy (göçürmesi), sport eşigi we çalyşmak üçin arassa aýakgap getirmeli.
«Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi täzelenen çagalar oýun meýdançalaryna çagyrýar. Çagalara we ýetginjeklere otlyjyklar, çişirilen batutlar, karuseller we başga-da ençeme dürli attraksionlar garaşýar.