Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 2835
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan kanunçylyk işi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy we raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy.

Parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere üns çekildi. Hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäheriniň Halk wekilleriniň ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlary Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ykdysady, sanly we ekologik innowasiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlaryň orny hem-de olaryň hukuk kepillikleri baradaky meselelere bagyşlanyp geçirilen maslahatyna gatnaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna, döwlet syýasatyny hem-de dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barmagyň wajypdygyna üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan möhüm wezipelerden ugur alnar. Indiki ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçilikleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň esasy maliýe resminamasy bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da ýurdumyzda ýerine ýetirilmeli işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz känlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan birnäçe guýularda, şol sanda guýulary özleşdirmek bilen bagly dolandyryş ulgamyny degişli enjamlar bilen üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär. Bu desgalaryň zerur maddy-tehniki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi olarda önümçilik işlerini alyp barmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň wajyp bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze gaz guýularyny burawlamak we olary önümçilige doly birikdirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 5-nji iýunda “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” ady bilen geçiriljek maslahata oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halkara we sebit guramalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly gatnaşyjylar hem goşularlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi. Häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, galla oragyna girişmäge taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragyna köpçülikleýin girişmek we möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin guramaçylyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň giň gerimde ösdürilýändigini nygtady hem-de ýerden bol hasyl almak üçin daýhanlarymyza zerur şertleriň döredilýändigine, olaryň ýokary hilli tohum, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, suw bilen doly üpjün edilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl hem welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze gaz turbinaly we utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalary, transformator beketleri, elektrik geçirijiler gurulýar, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär. Bu desgalaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, elektrik energiýasyny sarp edijileri ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik stansiýalarynyň, beketleriň, elektrik geçirijileriň kadaly işledilmeginiň zerur bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky teklibi goldap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, eksportyň möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek, önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine ýardam bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu ýyl bu çäräni türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde guramak meýilleşdirilýär.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. Wise-premýer Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreleriň guraljakdygyny aýdyp, onuň meýilnamasynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu döwürde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şeýle-de wise-premýere medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däp bolan bäsleşik geçirilýär. Şu ýyl bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1670-si gatnaşyp, olaryň 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş alymlara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda alty ugur boýunça ylmy bäsleşigiň geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak baradaky teklibi makullady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 26-27-nji maýda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň türkmen-gazak hyzmatdaşlygynda kesgitleýji orun eýeleýändigi nygtaldy. Ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly kuwwata eýedigi bellenildi. Hususy pudagyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçinem giň mümkinçilikler bar. Ynsanperwer ulgam hem möhüm ugur bolup durýar. Bu babatda bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini oturtmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy, Aşgabatda bolsa meşhur gazak kompozitory Kurmangazynyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygyň aýdyň nyşanydyr.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy, sebit meselelerine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine seredildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Gazagystan Respublikasy bu gaznada başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar barada maglumat berip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Hazar deňziniň meseleleri boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Türkmenistan hem-de Gazagystan bu guramalaryň çäklerinde birek-birege goldaw berýärler. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky dialogy yzygiderli işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýeti üçin Sanly hökümet edarasynyň işi barada tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Şeýle hem sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň meselelerine seredildi. Astanada geçirilen duşuşyklardyr gepleşikleriň netijeleri boýunça köpugurly türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda ylalaşyklar gazanyldy.

Hasabatynyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 28 — 30-njy maý aralygynda Italiýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada-da habar berdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu sapary daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen guraldy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda, 29-njy maýda Rim şäherinde “Energiýa geçişi we ählumumy wehimler”, “Ulag” hem-de “Ýokary bilim we bilim torlary” atly üç sany mowzuklaýyn mejlis geçirildi. Soňra Italiýanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň giňişleýin düzümdäki duşuşygy boldy. Onuň dowamynda howpsuzlyk, energetika, ykdysadyýet, suw, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ulag, bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň geljegi nazara almak bilen, bu ulgamlarda netijeli döwletara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri beýan edildi.

Italýan tarapy “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatynda bilelikde netijeli işlemek üçin utgaşdyryjy mehanizmi döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynda jogapkär wekilleri bellemegi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri özünde jemleýän orta möhletli meýilnamany taýýarlamagy teklip etdi. Duşuşygyň ahyrynda öňdebaryjy italýan kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda işewürlik kabul edişligi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dostlukly döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmek, netijeliligini artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň tomus möwsüminde gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek üçin degişli işler geçirilýär. “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem-de “Bagabat”, “Arçman”, “Mollagara”, “Farap”, “Baýramaly” şypahanalaryna yzygiderli awtobus gatnawy, şeýle-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Halkara howa menzilleri ýerüsti tehnikalar we awtoulaglar bilen doly üpjün edilip, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlary ýola goýuldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara degişli gämileriň we tehnikalaryň möwsümleýin tehniki ýagdaýyna zerur taýýarlyk işleri geçirildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan hem ilaty ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tomus möwsüminde ulaglaryň ähli görnüşiniň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň, raýatlarymyzyň şypahanalara we sagaldyş merkezlerine barmagy üçin ulag gatnawlarynyň sanyny artdyrmagyň, ulaglaryň kadaly işlemegini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçiljekdigini belledi. Biz ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin zerur mümkinçilikleri döredýäris. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlaryny gurup ulanmaga berýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde-de giň gerim bilen dowam etdiriljekdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz hemmeleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.