Ï Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi

view-icon 3409
Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we howandarlygy bilen çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, şol sanda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri netijesinde olar üçin hemme mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy.

Türkmenistan çagalaryň arzuwynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda çagalygy we eneligi goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesidir. Şunda Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň 1-nji iýunda — Çagalary goramagyň halkara gününde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Mejlise gatnaşyjylar gün tertibindäki meselelere seredip, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň gaznanyň işine uly goldaw berýändigini bellediler.

Şeýle-de mejlisde degişli döwürde gaznanyň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň halkara derejede abraýynyň barha artýandygy nygtaldy. Gaznanyň döredilen güni mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahatyň geçirilip, onuň çäklerinde hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň «hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin oňa degişli güwänamanyň gowşurylmagy hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, gaznanyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy guraldy. Olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda birinji orny eýelän Russiýa Federasiýasynyň okuwçylarynyň toparyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma berildi. Şeýle-de täze «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezine çagalaryň gezelenji guraldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde ýaşaýan ýardama mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde häzirki wagta çenli Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, Palestinanyň, Täjigistan Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri berildi. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaş atşynaslar topary döredildi we beýleki çäreler geçirildi. Şeýle çäreler gaznanyň goldaw bermeginde ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge, halkymyzyň taryhynyň dowamynda döreden milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalary goldamaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Alnyp barylýan işleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gaznanyň howandarlyk etmeginde 1-nji iýunda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň hem geçirilendigine üns çekildi. Munuň özi ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, olary döredijilik işlerine höweslendirmek işleriniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin durlup geçildi. Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşuly nesilleri Ýaşulular geňeşiniň agzalary hökmünde ýerlerde alyp barýan işleri barada çykyş etdiler. Şunda olar köp sanly çagalara operasiýalaryň geçirilendigini bellediler. Gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramak we berkitmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi onuň esasynda goýlan asylly ýörelgeleri aýdyň ýüze çykarýar. Ýurdumyzyň welaýat, etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary, lukmançylyk enjamlary we serişdeler berildi. Munuň özi häzir ilata ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýakynda gazna tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge niýetlenendir. Şu mynasybetli geçirilen dabaralar türkmenistanlylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyrdy diýip, çykyş edenler bellediler. Geňeşiň agzalary türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginiň netijesinde, täze taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygy, munuň bolsa halkymyzy çäksiz buýsandyrýandygy, döredijilikli zähmete ruhlandyrýandygy nygtaldy. Watandaşlarymyzyň ösüp gelýän nesiller baradaky hemmetaraplaýyn aladalary, olaryň sazlaşykly ösmegine döredilen mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyklary çäksizdir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimizi wagyz etmek üçin mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.