Ï Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

view-icon 3205
Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşdy we şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, 21-si bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan hem-de ýeňiji bolan çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň ýaş raýatlary baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmegiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Şunda durmuş goldawyna mätäç çagalara aýratyn üns berilýär. Ynsanperwerlik, ýagşylyk etmek, birek-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgeler asyrlarboýy türkmen halkyny tapawutlandyrýan esasy häsiýetler bolupdyr. Häzirki döwürde bu ýörelgeler çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilliklerinde, ene-atasyndan jyda düşen çagalaryň jemgyýete uýgunlaşmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we ýörite çärelerde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz halkara baýram mynasybetli Gutlagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, alnyp barylýan bu işler jemgyýetimiziň binýadyny emele getirýän ynsanperwer ýörelgelerimiziň giňden dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, üç ýyl mundan ozal Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Gazna häzirki wagtda giň gerimli işleri alyp barýar.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almak üçin tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy, atalyk aladasy esasynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Gazna tarapyndan paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine we beýleki hassahanalara “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi döwletimiziň ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy baradaky yzygiderli aladalarynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy.

Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer çäreleri dostlukly döwletler tarapyndan giňden goldanylýar we gaznanyň haýyr-sahawat işlerine gyzyklanma artýar. Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, Palestinanyň, Täjigistanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň ugradylmagy ýurdumyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň anyk mysallarydyr. Häzirki döwürde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň gowşurylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu medal bilen haýyr-sahawat işini ösdürmekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, özara kömek bermek ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, haýyr-sahawat gaznasynyň işine berýän hemişelik goldawy üçin, bu ugurda işleýän raýatlaryň hem sylaglanylýandygyny bellemek gerek. “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitapda gaznanyň alyp barýan işleri giňişleýin beýan edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri ähli ildeşlerimize ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär.

Çykyşlarda ýurdumyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak üçin ähli şertleri özünde jemleýän sagdyn, howpsuz durmuş gurşawynyň kemala getirilendigi nygtaldy. Häzirki zaman bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sporty hem-de ugurdaş infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar şu wezipeleriň çözülmegini maksat edinýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere döwletimiz tarapyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň milli ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Şeýlelikde, iň gowy zatlary çagalara bagyş etmek, olara aýratyn üns-alada, söýgi bilen garamak ýaly ata-babalarymyzyň asylly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp dowamatyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak babatda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagy näsag çagalaryň döwrebap bilim almaklary üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Ýaşajyk suratkeşler Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň saglygy we abadançylygy ugrunda edýän ýadawsyz atalyk aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra çagalar hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilelikde surata düşdüler. Bäsleşige gatnaşyjylar gülläp ösýän döwletimize buýsanjy, bagtyýar çagalygyň ak arzuwlaryny alamatlandyrýan “laçyn guşlaryny” uçurmak bilen, öz buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň çäklerinde çagalar üçin “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezine gezelenç guraldy.