2024-nji ýylyň 27-nji maýynda ýurdumyzda Adalatçynyň diwanynyň Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Adam hukuklaryny goraýan milli guramalaryň bütindünýä bileleşiginde (AHGBB) resmileşdirme boýunça geňeşiniň arasynda internet arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady Adalatçynyň diwanynyň AHGBB-de meýilleşdirilen resmileşdirme bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Pariž ýörelgelerine laýyklykda, Adalatçynyň diwanynyň mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de güýçlendirilmegine goldaw bermek boldy.
AHGBB-de resmileşdirme Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň ileri tutýan maksatlaryndan biridir, ony gazanmaga birnäçe halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasy (ÝKAHE) bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gönükdirilendir. BMG-niň bu gurluşy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Ýazdursun Gurbannazarowanyň BMG-niň Merkezi Aziýadaky adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň edarasynyň sebitdäki wekili Matilda Bogner bilen 2024-nji ýylyň 28-nji maýynda bolup geçen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşlikde bellenip geçilişi ýaly, Merkezi Aziýada ÝKAHE bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek we jemgyýetçiligiň adam hukuklary meseleleri babatynda habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin dürli işler geçirilipdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ÝKAHE-niň sebitdäki wekili Matilda Bogner Türkmenistanyň Adalatçynyň diwany bilen Adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek, AHGBB-de meýilleşdirilen resmileşdirme üçin Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga kömek bermek ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň 2024 ‒ 2028-nji ýyllar üçin strategik meýilnamasynda bu edaranyň Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň bütindünýä bileleşiginde resmileşdirme boýunça astkomitet tarapyndan resmileşdirilendigi bellenilýär we Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň (AÝUF), BMG-niň düzüm guramalarynyň hem beýleki hyzmatdaşlaryň goldawy bilen resmileşdirmesi üçin AHGBB arza taýýarlamak we tabşyrmak wezipesi goýulýar.