Ï CASCA+ halkara ýoluny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

CASCA+ halkara ýoluny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2003
CASCA+ halkara ýoluny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekilleri 28-29-njy maýda Daşkentde bolup geçen CASCA+ halkara multimodal ugra dahylly ýurtlaryň demirýol operatorlarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.

Olar Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde CASCA+ ulag we üstaşyr dälizini ösdürmäge gönükdirilen taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar özbek tarapynyň işi sazlamak we CASCA+ ulag däliziniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin operatorlaryň gatnaşmagynda konsorsium döretmek baradaky teklibini, şeýle hem bu ugur boýunça konteýnerleriň geçýän ýoluny yzarlamak we işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly ýerlik döretmek baradaky teklibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda mundan başga-da, miwe we gök önümler ýaly çalt zaýalanýan önümleri CASCA+ dälizi boýunça sowadyjy konteýnerlerde daşamagy ýola goýmak teklip edildi. CASCA+ Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet demir ýollarynyň bilelikdäki başlangyjydyr. Häzirki wagtda bu ugur üç sebiti: Merkezi Aziýany, Günorta Kawkazy we Anatoliýany öz içine alýar. Onuň adyndaky «+» alamaty ahyrky maksady Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny, hususan-da, Hytaý döwletini Ýewropa bilen baglanyşdyrmak bolan ugur boýunça ýük daşamaga gyzyklanma bildirýän täze ýurtlary kabul etmäge taýýarlygy aňladýar.