Ï Türkmenistanda ÝUNISEF-iň maksatnamasyna baha berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ÝUNISEF-iň maksatnamasyna baha berilýär

view-icon 2339
Türkmenistanda ÝUNISEF-iň maksatnamasyna baha berilýär

ÝUNISEF-iň we Türkmenistan hökümetiniň 2021 ‒ 2025-nji ýyllar üçin Ýurt meýilnamasyna baha bermek boýunça garaşsyz halkara geňeşçi Natalýa Koşelýewa tarapyndan 29-njy maýdan 8-nji iýuna çenli amala aşyrylýan işlere baha beriş işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde milli hyzmatdaşlar we ýurduň dürli edaralaryndaky gyzyklanýan taraplar bilen duşuşyklar guraýar.

Duşuşyklara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler, Goranmak ministrlikleriniň, Baş prokuraturanyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň diwanynyň, Döwlet statistika komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

4-nji iýunda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen sessiýa geçiriler, onda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi we milli habar beriş serişdelerinde beýan edilmegi bilen baglanyşykly dürli meselelere garamak meýilleşdirilýär.