Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň talyp ýaşlary bilen duşuşyk geçirdi.
BMGÖM-iň hünärmenleri «Gün tertibi – 2030» gazanmakda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesliň orny barada gürrüň berdiler. Hususan-da, galyndy çig maldan oýlanyşykly ulanylmagy ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşe goşandy hökmünde bellediler. Ýaşlara, şeýle hem elektrik energiýasy pudagynda energiýa netijeliligi boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak taslamasynyň netijeleri barada maglumat berildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistandaky BMGÖM bilen bilelikde ýola goýlan «TurkmenYouth4SDGs» bilim sessiýalarynyň çäginde guraldy. Bu okuwlar ýurdumyzyň talyp ýaşlaryny 2030-njy ýyla çenli aralykda durnukly ösüş pudagynyň Gün tertibini durmuşa geçirmek işine çekmäge gönükdirilendir.