Ï Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip

view-icon 3567
Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.

Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünliklerini şöhlelendirdi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine hem-de Diýarymyzyň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda aýratyn ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirine giň orun berildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda: «Ýer ýüzünde durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Bitarap Türkmenistan durnukly ösüş babatda öňde duran wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşýär» diýlip bellenilýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligini has utgaşykly işlemäge bolan maksatlary özünde jemleýän sene hökmünde bellenilýär. Bu sene her bir adamyň ekologiýa babatda jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga tagallalara işjeň gatnaşmagy barada pikirlenmek üçin mümkinçilikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň baýram hökmünde bellenilip geçilmegi halkara bileleşigiň tagallalaryny tebigaty goramak, Merkezi Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça wajyp wezipeleriň çözgüdine gönükdirmegi esasy ugur edinýän daşary syýasatymyzyň çäklerinde has-da möhümdir.

Umumy mejlisde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi we bu ugurdaky kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi babatda ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly işler beýan edildi. Bellenilişi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek boýunça gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýetli tebigat gözelliklerini gorap saklamaga we wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işjeň çäreleriň görülýändigi aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy muňa mysaldyr. Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde taýýarlanylan “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wiorel Gusu bu forumyň dialog hem-de bilim paýlaşmak üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Ol çykyşynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde oba hojalygynyň we azyk howpsuzlygynyň tutýan ähmiýetli ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, durnuklylygy ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak arkaly biologik dürlüligi gorap saklamagyň, hemmeler üçin azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň mümkindigi bellenildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy A.Orazbaýyň umumy mejlise gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasynyň çäklerinde Aral deňzi sebitiniň ekoulgamyny dikeltmek, oňaýsyz täsirlerini peseltmek babatda durmuşa geçirilen iri taslamalar hakynda aýdyldy.

Soňra maslahat öz işini Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda birwagtda geçen üç bölümde dowam etdi. “Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary” atly bölümde daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyna üns çekildi. Daşky gurşawy goramak ulgamynda ähli esasy halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyşmak arkaly ýurdumyz möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, olary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň ekologik howpsuzlygy, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine hem-de çölleşmä garşy göreşmek baradaky teklipleri we beýlekiler bar.

Çykyş edenler ýurdumyzda öri meýdanlarynyň durnukly dolanyşygy üçin ýörelgeleri ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, gurak howaly sebitlerde tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagyň tejribeleri, tebigy gazyň gazylyp alnyşynda we iberilişinde metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri hakynda durup geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň tutuş adamzadyň geljegine dahylly meseleleriň oňyn çözülmegi babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşyp, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň ilerledilmegi ugrunda çykyş edýändigine ünsi çekdiler. “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny” atly bölüm innowasion ýollar arkaly suwaryşyň ekologiýa täsiri, tokaý zolaklaryny döretmegiň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti baradaky meseleleri we beýlekileri öz içine aldy.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegini, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny şertlendirýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriniň biologik dürlüligini öwrenmek we gorap saklamak boýunça halkara ylmy barlaglar meselesine hem garaldy. Häzirki döwürde bu ugurda milli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýändigi bellenildi.

“Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” atly bölümde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň alyp barýan işleri, howanyň üýtgeýän şertlerinde Aral deňziniň sebitinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy babatda sebit döwletleri tarapyndan görülýän çäreler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Bellenilişi ýaly, Aralýaka sebitde döräp biljek tebigy ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça soňky ýyllarda taýýarlanylan taslamalarda ylmy usullar bilen bir hatarda, ýokary tehnologiýalary toplumlaýyn işläp taýýarlamak işi hem işjeň dowam etdirilýär. Şolaryň hatarynda dürli landşaftlaryň ýerüsti we ösümlik goruny anyklamak arkaly uzak aralykdan barlaglary geçirmek boýunça tehnologiýalary görkezmek bolar. Bu tehnologiýalar esasynda alnan maglumatlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen gözegçiligi alyp barmak, biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen milli meýilnamalary gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamak mümkindir.

Gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklaryň ýörelgeleri bilen baglylykda, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça görülýän çärelere möhüm ähmiýet berildi. Şeýle hem gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň ekologik jähetlerine üns çekildi. Türkmenistanyň ylmyň gazananlaryny, häzirki zaman sanly, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwdan netijeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi. Bu, öz gezeginde, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze suw howdanlary, beýleki gidrotehniki desgalar gurulýar.

Maslahata gatnaşyjylar, ugurdaş ulgamyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga gönükdirilen taslamalary geljekde-de üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.