Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde Aşgabatdaky «Bouygues Türkmen» kompaniýasynyň Karbon merkezinde ekologiýa lageri işe başlady. Ony BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy, «Bouygues Türkmen» kompaniýasy we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guraýar.
Eko-lagere Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 24 işeňňir agza gatnaşýar. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýazi çäräni açyp, howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň tutýan ornunyň möhümdigini aýtdy we saýlanan gatnaşyjylara öz bileleşiklerindäki işjeňligi üçin hoşallyk bildirdi.
Eko-lager 7-nji iýuna çenli dowam eder.