BMGÖM-iň we «Köp bähbide ýetmek üçin Aral deňziniň töweregindäki ýer serişdelerini ýokary tebigy gymmatlykly ekoulgamlary saklap galmak hem-de dolandyrmak» ählumumy daşky gurşawy goramak taslamasynyň halkara tokaýlar güni mynasybetli işe girizen «Tokaýlar we innowasiýalar» infografik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.
Netijelere görä, Gülşirin Kadyrowa birinji, Aýlar Rozyýewa ikinji, Babamyrat Baltaýew üçünji orny eýelediler.
Infografika bäsleşigi jemgyýetçiligiň ünsüni topragyň hasyllylygynyň peselmegi we çölleşmegine sebäp bolýan ýerleriň zaýalanmagy ýaly daşky gurşaw meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirildi.
Eminler toparynyň hataryna giren BMGÖM-iň «Ynanç Wepa», «Ýaş tebigatçy», «Tebigy kuwwat», «Eko-durmuş» jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar, olar hödürlenýän maglumatlaryň hiline we aýdyňlygyna, maglumatlaryň we çeşmeleriň ygtybarlylygyna, döredijilikli çemeleşilişine we özboluşlylygyna baha berdiler.
Ýeňijilere BMGÖM-iň şahadatnamalary we baýraklary gowşuryldy.