Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi gyzykly geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi gyzykly geçýär

view-icon 2830
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi gyzykly geçýär

Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyryna dabaraly badalga berlenine bary-ýogy sanlyja gün geçdi. Ýaňy-ýakynda bu ýere Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden körpeleriň uly topary gelip, häzirki wagtda olar hezil edip dynç alýarlar. 

Bu sapaly künjekdäki dürli derejeli myhmanhanalaryň, kottežleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 34-si hem-de «Awaza» şypahanasy bu ýere wagtlaryny şadyýan geçirmäge, saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlary mähir bilen garşylap, olara arzyly isleglerine laýyk gelýän hyzmatlary edýärler. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar. Olar dynç alyş, sagaldyş binalarynda, seýilgählerde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil ülňülerine laýyk döredilen amatlyklardan netijeli peýdalanyp, bu meşhur zolagyň täsinliklerinden lezzet alýarlar. Şeýle-de dynç almaga gelýän raýatlar deňziň kenar ýakalarynda gezelenç edip, hoştap howadan dem almagy dynç alşyň gözbaşy, egsilmez höziri hasaplaýarlar. 

Melhemler mesgeninde yzygiderli guralýan ruhubelent çärelerem ýurdumyzyň sebitlerine degişli bolan Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde hem giň gerime eýe bolýar. Şeýle gyzykly dabaralar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç», «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Geçirilýän täsirli medeni-sport çäreleriniň, gezelençleriň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň şowhuny bolsa ajaýyp zolagyň çar künjegine hoş owaz bolup dolýar. Şonuň ýaly-da dynç alýan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlar «Awaza» akwoparkynda hem-de «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» atraksionly seýilgählerinde gezelençlerde bolup, wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirýärler. 

Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan seýilgähler, myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, şypahana, sport desgalary we beýleki toplumlar çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Şeýle-de sapaly dynç alyşyň hözirini görüp, wagtlaryny şadyýanlykda geçirýän çagalardyr ulular täsin pursatlaryň şaýatlary bolýarlar. 

Gyzykly dynç alyşda welosipedli gezelenç etmek üçinem hemme amatlyklar döredilen. 

Ol ýerde ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» muzeýem raýatlaryň iň bir gelim-gidimli, arzyly ýeri bolup durýar. Muzeýde rejelenip goýlan dürli görnüşli gämi maketleri bolsa dünýäniň suw giňişlerinde irki döwürlerde hereket eden ulaglaryň, şol sanda häzirkizaman gämileriň taryhyndan söz açýar. Elbetde, olar hakynda geçen asyrlara degişli taryhy ähmiýetli, geň-enaýy maglumatlary bilmek, öwrenmek her bir adam üçinem gyzykly bolsa gerek. 

Ýeri gelende aýtsak, Awazadaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglere laýyk derejede sapaly dynç almaga doly mümkinçilik berýär. Hut şoňa görä-de, bu ýerde dynç alýan bagtyýar raýatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdyp, ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.