Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan dürli derejeli çärelerdir dabaralar barha giň gerime eýe bolýar.
Şeýle täsirli, özboluşly bäsleşikleriň biri-de Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guraýan bu bäsleşigi «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» diýlip atlandyryldy.
Häzirki wagtda uly buýsanç bilen dowam edýän şanly ýylymyzyň ajaýyp wakasyna öwrülip, dünýä ýaň salýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik birnäçe şertleri öz içine alýar. Onuň maksady türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeni mirasyny, gadymy we müdimi nepis sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan senetçilik däplerini wagyz etmekden ybaratdyr. Baý milli medeni mirasymyzyň, senetçilik sungatymyzyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegem diýseň uly ähmiýete eýedir. Şu mynasybetli-de bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň tüýs ýürekden çykan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli beýik işlere bolan buýsanç çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda welaýatyň zergärleri öz zehinlerini, ussatlyklaryny doly subut etdiler. Olar taýýarlan nusgalary esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak boýunça özara bäsleşdiler hem-de yhlasdyr zehininden dörän milli şaý-seplerini muzeýde guralan sergide görkezdiler.
Bäsleşigiň jemi boýunça Balkanabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Rahmanberdi Hojaýew hem-de Gyzylarbat etrabyndan Azatgül Atagulyýewa ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.