Ï «Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde milli el hünäri boýunça çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde milli el hünäri boýunça çäre geçirildi

view-icon 2746
«Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde milli el hünäri boýunça çäre geçirildi

Türkmenistanda başlanan tomusky dynç alyş möwsümi ýurdumyzyň ýaş nesliniň saglygynyň berkidilýän, gyzykly we bilim berýän işler bilen meşgullanylýan, beden hem döredijilik ukyplaryny ösdürilýän wagtydyr.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň we tutuş Ahal welaýatynyň çagalarynyň dynç alýan ýeri bolan «Nesil» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde nesilden-nesle geçip gelýän milli el hünäri barada «El hünäri – il gezer» atly döredijilik çäresini gurady.

Däp bolup gelýän el hünärini ene-mamalaryndan öwrenýän gyzlar bilen bolan gürrüňdeşlikde nepis-näzik zenan hünärleri, olaryň aýratynlyklary, el işlerinde ulanylýan iňňe, oýmak, gaýçy ýaly gurallar, ýüpek ýüplükleri egirme usullary we nagyşlara siňdirilen manylar barada gürrüň edildi. Gyzlar milli el hünärinde başarnyklaryny görkezdiler.

El işleri sergisi çärä gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent sungata, türkmen halyçylygyna bagyşlanan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary, şeýle hem el hünärine degişli dürli neşirler sergide hormatly ýerleri eýelediler.