Ï Türkmenistan we Şri-Lanka deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Şri-Lanka deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

view-icon 4599
Türkmenistan we Şri-Lanka deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi we Şri-Lankanyň portlar, gämi gatnawy we uçarçylyk ministrliginiň wekilleri iki ýurduň arasynda deňiz ulagy pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk wideoaragtnaşyk arkaly amala aşyryldy. Türkmen tarapy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiligi, deňiz duralgalarynyň hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

Öz gezeginde, Şri-Lankanyň wekilleri Günorta Aziýanyň iň uly portlarynyň biri bolan Kolombo porty bilen tanyşdyrdylar. Şri-Lankanyň Günorta-Günbatarynda ýerleşýän Kolombo porty ýurduň iň uly we iň gatnawly, şeýle hem Hindi ummanynyň iň ähmiýetli portudyr. Ol üstaşyr ýük geçirmekde we ýük kabul etmekde esasy merkez bolmak bilen, Şri-Lankanyň ykdysadyýetinde möhüm orna eýedir. Port, şeýle hem ýurtda syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.