Ï Akwarel suratlaryň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Akwarel suratlaryň sergisi

view-icon 3298
Akwarel suratlaryň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň akwarel suratlarynyň sergisi açyldy.

Akwarel suratyň, suratkeşleriň ussatlygy bilen açyklygyň, ýeňillik we terlik täsirini berýän boýag, suw we ýelim ulanylyp döredilýän görnüşidir. Şeýle bolsa-da, sergä baranymyzda, akwarel hakda köp täze we gyzykly zatlar bildik.

Sergi suratkeş Nurberdi Annagurbanowyň täsirli suratlary bilen açyldy. Olar bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi, göwnüni göterdi we täsirleri paýlaşmaga itergi berdi. Aýratynam atasy bilen gyz agtygy şekillendirilen «Dowamat dowam» suratynyň täsiri güýçlüdi. Özi-de, atasy ak-gara reňkde, agtygy bolsa dürli reňklerde şekillendirilipdir.

– Şu suraty menden satyn aljak köp boldy, ýöne men ondan aýrylmazlygy ýüregime düwdüm – diýip, Nurberdi Annagurbanow gürrüň berýär. «Geçmişden garaýyş» suratynda nurana bir ýaşuly tomaşaçylara ýiti nazary bilen seredýär.

– Akwarel suratkeşi terbiýeleýär – diýip, Nurberdi Annagurbanow suratyň bu görnüşini häsiýetlendirýär. – Islendik adama ýag ulanyp surat çekmegi öwredip bolar, ýöne akwarel sabyr-takatly suratkeşi saýlaýar. Diňe şeýle ussat açyk we tereň surat döredip biler.

Merdan Kakabaýewiň suratlarynda bakja ekinli natýurmortlar özüne çekýär.

– Akwarel meniň iň uly duşmanym, duşmany ýeňmek üçin ony gowy bilmeli. Akwarelde säwlik goýberip bolmaýar, ýalňyşdyňmy – işe täzeden başla. Özüm gyzma adam, şonuň üçinem köp wagt bäri akwarel bilen göreşýärin, onda kä men, käte ol ýeňýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okadýan talyplarymdan üçüsi üçin akwarel suraty juda aňsat – diýip, Merdan Kakabaýew gürrüň berýär.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň natýurtmortlary şekilleriň takyklygy bilen ünsi özüne çekýär. Muňa ýetmek üçin köp gatly akwarel hem erjellik gerek. Onuň «Gül» atly suraty näzikligi we nepisligi bilen haýran edýär.

Larisa Fominanyň işlerinden «Windsörfing» surat has täsirli çykypdyr. Şapak Hazaryň tolkunlaryna goýy gyrmyzy röwüş çaýypdyr, olaryň arasynda ýelkenli kiçijik agaçda duran batyrgaý ýüzüji deňiz tolkunlarynyň maýyl ediji howpy bilen göreşýär.

– Çagalygymdan akwarel suraty çekýärin. Bu suraty 2014-nji ýylda Awazada geçirilen windsörfing boýunça dünýä çempionatynda çekipdim – diýip, Larisa Fomina gürrüň berýär.

«Radoguna» mekdep-studiýasyndan Ýuliýa Myradowa Aşgabadyň gözel keşpli suratlary bilen haýran galdyrdy. Bu sergä haýwanlaryň käbir owadan suratlary bolmadyk bolsa, «Aşgabada söýgi» diýseňem boljak.

– Şeýle çeper akwarel suratlar bilen Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine ýa-da göni çeperçilik akademiýasyna girmek islemeýärsiňizmi? – diýip, biz oňa sowal berdik.

– Men entek hünärimi saýlamok – diýip, garaşylmadyk jogaby bilen geň galdyrdy. Özem akwarelde şeýle çeperligine, şeýle üstünliklere garamazdan.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurow sergä geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan şu güne çenli çeken akwarel suratlaryny hödürledi. Baýkal-Amur magistralynyň suratlary has özüne çekijidi – akwarel suratlary 40 gradusa çenli aýazly howanyň täsirini ýetirýärdi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Mahym Ataýewa «Ýatlama» suratynda çemodanynda saklanýan zatlary arkaly ejesi hakda gürrüň berýärdi. Bu suraty döredeninde Mahymyň, gör, nähili duýgylary başdan geçirendigini diňe çak edip bolýar.

Näzik Polatowanyň çeken suratlarynyň sergisinde Aşgabadyň agşamky parlak keşbi temasyndaky üç suraty ýatda galýar.

Sergi akwareliň mümkinçilikleri baradaky düşünjämizi giňeltdi, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň žiwopisiň bu görnüşinde döreden iň oňat suratlaryny görkezdi.