Ï BMGÖM Türkmenistanyň hususy pudagy üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma meseleleri boýunça maslahatlar geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMGÖM Türkmenistanyň hususy pudagy üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma meseleleri boýunça maslahatlar geçirer

view-icon 2751
BMGÖM Türkmenistanyň hususy pudagy üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşma meseleleri boýunça maslahatlar geçirer

Türkmenistanda ýurdumyzyň hususy pudak wekilleri üçin howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşma meseleleri boýunça maslahatlar geçiriler.

Olar Ýaşyl howa gaznasynyň (ÝHG) maliýe goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenistanda uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş milli işiniň ösüşi» taslamasynyň çäginde guraldy.

Maslahatyň alty bölümi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň wekilleriniň, şeýle hem ylmy toparlaryň we raýatlyk jemgyýetiň, hususy pudagy uýgunlaşma çärelerine çekilmegine gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde we Daşoguz welaýatynda geçer.

Maslahatda, howanyň üýtgemegine degişli meseleleriň Türkmenistanyň hususy pudagy üçin wajyplygy bilen bir hatarda, howanyň üýtgemeginiň suw gorlaryna täsiri-de ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahata gatnaşýanlar öňdebaryjy tejribeleri, tehnologiýalary we beýleki ýurtlaryň tejribelerinden alnan sapaklary birleşdirmek mümkinçiligine-de gararlar.