Ï Türkmenistanyň wekilleri maglumat elýeterliligi merkeziniň dolandyryjy okuw maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri maglumat elýeterliligi merkeziniň dolandyryjy okuw maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 2961

Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň innowasiýa we maglumat merkeziniň çäginde Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýeti guramasy bilen bilelikde döredilen Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkezi işinde ep-esli üstünlik gazandy.

Ol şu ýyl beýleki ýurtlardaky özi ýaly 56 merkeziň arasynda «Best IAC Center Award 2024» baýragyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkeziniň işgärleri A.Hudaýgulyýewany we S.Amandurdyýewany Seul şäherine çagyryldy we 27-nji maý – 8-nji iýun aralygynda Koreýanyň Milli Maglumat jemgyýetiniň guramasynda geçirilen maglumat elýeterliligi merkeziniň dolandyryjy okuw maslahatyna (2024 IAC Administrator Training Program) gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna 11 ýurtdan: Serbiýadan, Kosta Rikadan, Panamadan, Kolumbiýadan, Nigeriýadan, Ganadan, Butandan, Şri-Lankadan, Pakistandan, Özbegistandan, Türkmenistandan Maglumat elýeterliligi merkezleriniň wekilleri gatnaşdy. Okuw maslahatynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we ylmy-gözleg merkezleriniň mugallymlary maglumat üpjünçiligi, emeli aň tehnologiýalary, maşyn arkaly öwrediş, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, şeýle hem maglumat elýeterliligi merkezleriniň netijeli dolandyrylyşyny meýilleşdirmek boýunça nazary hem amaly sapaklar geçirdiler.

2023-2024-nji ýyllaryň dowamynda «Iň gowy maglumat elýeterliligi merkezi» diýen at 1-nji ýere mynasyp bolan Özbegistana berildi, Türkmenistan 2-nji ýeri eýeledi, Gana bolsa 3-nji ýeri aldy. Maglumat elýeterliligi merkezleriniň işine baha berlende, esasy üns merkezleriň işiniň netijeleri barada hasabata, hödürlenýän hyzmatlar barada halk köpçüligine maglumat bermek we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýaly görkezijilere gönükdirildi.