Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 1730
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

...Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman öz maşgalalary bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly döwletiň Baştutany bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakadygyny belledi. Türkmenistan Koreýa Respublikasyna dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar hem-de bu ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere laýyk gelýär. Ýurdumyz milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmak, senagatlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçillikleriň we iň gowy daşary ýurt tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri açýar.

Prezident Ýun Sok Ýol bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeliligi nygtaldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda alyp barmagy maksat edinýändiklerini tassyklaýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Dostlukly ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar we Aşgabatda gazanylan ylalaşyklar geljegi nazara almak bilen, bilelikdäki üstünlikli işiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ençeme ýyllaryň dowamynda dünýä belli koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz hem-de ulag ulgamlarynda üstünlikli işleýändiklerini, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Şolaryň hatarynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň hem-de iri “Galkynyş” käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, diňe bir onuň gazylyp alnyşyny artdyrmak hem-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen çäklenmän, bu çig maly gaýtadan işlemegiň möçberini köpeltmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini, şol sanda ösen gazhimiýa pudagyny kemala getirmegi hem ugur edinýär. Munuň özi koreý, umuman, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly bilelikdäki täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Ulag ulgamy barada aýdylanda, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek strategiýasyny öňe sürdi. Şunda Gündogar — Günbatar hem-de Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça Aziýany we Ýewropany birleşdirýän yklymara ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ulag ulgamynda awtomobil tehnikalaryny ibermek babatda uly tejribe toplandyklaryny aýtdy. “Hyundai” kompaniýasy bu ugurda biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.

Prezident Ýun Sok Ýol Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň bu babatda garaýyşlarynyň hem-de eýeleýän orunlarynyň meňzeşdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny goldap, olaryň örän möhümdigini nygtady.

Koreýa Respublikasy Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar hem-de şu maksatlar üçin öz baý tejribesini, tehnologik mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardyr diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýokarda agzalyp geçilen pudaklar bilen bir hatarda, koreý işewür toparlary, beýleki ulgamlarda, şol sanda şäher gurluşygynda hyzmatdaşlyga hem uly gyzyklanma bildirýärler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Ýakyn geljekde bolsa ýene-de bir ägirt uly taslamany — “Aşgabat-sitini” durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi özara bähbitli ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertleri döredýär. Innowasiýalar, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgam, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de ähli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sapar wagty ýanynda bolýan maşgalasy üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy bilen myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Sergi türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, nesilden-nesle geçirilip gelýän däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ajaýyp el halylary, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleri, şaý-sepler, el işleriniň nusgalary, muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa koreý Lideriniň maşgalasy Kim Kon-Hine gadymy taryhy bolan milli halyçylyk sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Myhman dünýä meşhur halylary döredýän türkmen zenanlarynyň ussatlygyna haýran galýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalalary zenan lybaslarynyň görkezilişini hem synladylar. Bu lybaslarda gadymy milli däpler häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Görkeziliş Modeller öýi tarapyndan taýýarlanyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra, sergini synlamaga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol hem geldiler. Bu ýerde ajaýyp ahalteke bedewi we türkmen alabaýy şekillendirilen uly göwrümli surat eseri görkezildi. Gahryman Arkadagymyz suraty synlap, behişdi bedewleriň hem-de alabaýlaryň milli mirasymyz bolmak bilen, halkymyzyň buýsanjy, wepaly dostlary, hemrasydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna mizemez türkmen-koreý dostlugynyň nyşany hökmünde iki sany alabaýy sowgat berdi. Belent mertebeli myhman Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, bu sowgada däp bolan döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

* * *

Şu gün Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle işewürlik duşuşyklary netijeli gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Şunda hökümetara türkmen-koreý toparynyň hem-de “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine hem möhüm orun degişlidir.

Ýurtlarymyzyň arasynda işewürlik ugry boýunça özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn esasda, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynyň çäklerinde hem ösdürilýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda bu formatdaky hyzmatdaşlyk forumynyň ministrler derejesindäki 16-njy mejlisiniň çäklerinde işewürlik geňeşiniň 4-nji mejlisi hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ýaş telekeçileriň işewürlik forumy geçirilipdi. Bir söz bilen aýdylanda, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Bitarap Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döredijilikli daşary syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär.

...Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Forumyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergini synladylar. Toplumlaýyn ekspozisiýada milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, şol sanda onuň hususy böleginiň önümçilik we eksport mümkinçilikleri görkezildi. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşleri bar. Olar dokma senagaty, derman we himiýa senagatynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri hem-de beýlekilerdir. Sergi bölümleriniň birinde ajaýyp türkmen halylary we haly önümleri görkezilýär. Onda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baý taryhyna, medeniýetine bagyşlanan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirki zaman durmuşyny açyp görkezýän kitaplaryna uly orun berlipdir.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty öz işine başlady. Duşuşyga gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe-bank we işewürlik düzümleriniň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly mähirli mübäreklediler.

Ýygnananlara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar bilelikdäki işiň möhüm bölegi bolup durýar. Birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň ýokary derejesiniň güwäsi bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola hem-de maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, belent mertebeli myhmana şu gün geçirilýän bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşýandygy hem-de döwletara dialogyň giňeldilmegine aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşyk iki ýurduň işewürlerini, iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere çykdy. Esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar. Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da berkeýär. Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň; Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşyklary; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi; «Hyundai» kysymly 1630 sany awtobusuň we 300 sany ýeňil taksi awtoulagynyň satyn alynmagy ýaly iri taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämigurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özboluşly häsiýete eýe bolup, birnäçe netijeli düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär. Ýagny Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary, «Koreýa Respublikasy — Türkmenistan» parlamentara dostluk topary köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýär. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde hem dürli ulgamlar babatda wajyp çözgütler kabul edilip, bu ugurdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň häsiýetde dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň geçirilendigine ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda taraplaryň arasynda şu degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm hasaplandy:

— söwda we maýa goýum, himiýa, nebitgaz pudagy, gämi gurluşygy, ulag-logistika, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, bilim ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek;

— iki ýurduň telekeçileriniň we işewürleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak. Şu ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabatda biziň häzirki gatnaşýan Türkmen-koreý işewürlik maslahatymyzy geçirmek meselelerine hem garaldy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edildi. Bu resminama energetika, senagat, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlary öz içine alýar.

Taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynyň özleşdirilmeginiň Türkmenistanda gaz pudagynyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygy barada nygtaldy. Bu ugurda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyk gol çekmek üçin taýýarlanyldy we şonuň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly önümçilik kuwwatyna ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynda toplumlaýyn tehniki barlag-audit geçirmek barada baglaşylan şertnamanyň netijesi boýunça polimer zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin taslamanyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, işewürlik maslahatlaryny, sergileri hem-de söwda ýarmarkalaryny guramak, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda halkara maslahatlary geçirmek ýaly bilelikdäki çäreler göz öňünde tutuldy. Koreýanyň eksport-import bankynyň, Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekki taslamalar üçin maliýe hyzmatdaşlygy boýunça işler dowam etdiriler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Çilgok” hassahanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleri, festiwallar, konsertler, sergiler ýaly medeni çäreleri geçirmekde, bu babatda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça tejribe alyşmakda gatnaşyklary ösdürmek hem netijeli ugur hökmünde kesgitlenildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda koreý dilini öwrenmäge höwesiň barha artýandygyny bellemek isleýärin. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde koreý diliniň öwredilmegi, koreý dili boýunça ýörite kafedralaryň açylmagy, paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň üstünlikli hereket etmegi aýdylanlara aýdyň mysal bolup durýar. Biz geljekde-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak arkaly halklarymyzy ýakynlaşdyrmak babatda ähli tagallalary ederis diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki forumyň netijeleriniň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirip, Prezident Ýun Sok Ýola hem-de dostlukly ýurduň wekiliýetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär.

Belent mertebeli myhman gadymy döwürlerde çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guralýan bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşmaga örän şatdygyny, bu çäräniň köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy. Şunda Koreýa Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Seula amala aşyran sapary bu ugurda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol özüniň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça saparyny ilki Türkmenistana gelip görmekden başlandygyny aýtdy.

Gaz ulgamy türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýyl “Galkynyş” käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça desgany gurmak barada ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýar. Belent mertebeli myhman şu barada aýtmak bilen, 2009-njy ýyldan bäri bu ulgamda hyzmatdaşlygyň hem-de özara tejribe alyşmak işleriniň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Giň gerimli işleri alyp barýan hem-de iri taslamalary durmuşa geçirýän işewürler döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekillerine hoşallyk bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany uglewodorod serişdelerine örän baý bolan hem-de tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň senagat ulgamynda öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalara eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň, ozaly bilen, energetika babatynda hyzmatdaşlygyň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, koreý kompaniýalary Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň birnäçesini gurdular hem-de jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde abraýa eýe boldular. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň geljekde-de şeýle taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň senagat taýdan ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Prezident Ýun Sok Ýol söwda we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky pikirini hem beýan etdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy baradaky meselä geçmek bilen, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Gämi gurluşyk pudagynda-da netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda Koreýa Respublikasy kuwwatly senagat mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda koreý we türkmen hünärmenleri bilelikde köp maksatly deňiz gämilerini gurmagyň üstünde işleýärler.

Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk ykdysady ösüşe täze itergi berer we onuň çäklerinde ugurdaş hünärmenler hem taýýarlanylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň koreý dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Prezident Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny aýdyp, şu gün geçirilen işewürlik maslahatynyň däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri häzirki döwrüň talaplaryny hem-de özara mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde häzirki duşuşygyň ähmiýetini nygtadylar. Şunda koreý işewür toparlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli strategiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola işewürlik maslahatyna gatnaşandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirildi. Munuň özi foruma aýratyn ýokary dereje berdi. Bu çäre ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge täze itergi berer.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalyndan ugradylar.

Işewürlik maslahatynyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ýakyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykaryldy. Ýokary derejedäki özara saparlardyr gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen möhüm resminamalar munuň şeýle bolmagyna ýardam berýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelmekleri hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär. Şunda daşary ýurtly işewür toparlaryň iş alyp barmaklary üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň we şertleriň döredilmegi möhüm bolup durýar.

Nebit we gazhimiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hataryndadyr. Şeýle hem özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy möhümdir.

Işewürlik maslahaty tamamlanandan soňra, iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda pudaklar boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri has içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna günortanlyk naharyny berdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli myhman Aşgabadyň Halkara howa menziline ugradylar.

Howa menzilindäki söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol şu gezekki saparyň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Şunda iki ýurduň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasyndaky doly derejeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman hem-de olaryň maşgalalary mähirli hoşlaşyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.