2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň dürli ugurlardaky özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.
Şunuň bilen baglylykda söhbetdeşler HGHK-nyň milli hyzmatdaşlarynyň halkara ynsanperwer hukugy ugrundaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen işjeň çäreleriniň ähmiýetini nygtadylar, şeýle hem bu guramanyň ýaşlar bilen alyp barýan netijeli işlerini belläp geçdiler.
Türkmen tarapy wekile ýurtda halkara ynsanperwer hukugyny öňe sürmek we ilerletmek ugrundaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de HGHK-nyň Türkmenistandaky edarasynyň halkara ynsanperwer hukugy boýunça bilimleri ýaýratmak ugrunda alyp barýan işjeň çäreleri üçin hoşallyk bildirdi.