2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittalyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň we neşeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça degişli sebitleýin we halkara gurallarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
UNODC-nyň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu günler geçirilýän her ýylky 9-njy sebitara duşuşygynyň ähmiýetini nygtamak bilen, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ählumumy we sebit gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, serhet howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelejekdigini bellediler.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäräni guramak barada ylalaşdylar.