Ï Tallinde türkmen we eston žurnalistleriniň tejribe alyşmaklary boýunça okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tallinde türkmen we eston žurnalistleriniň tejribe alyşmaklary boýunça okuw maslahaty geçirildi

view-icon 2464
Tallinde türkmen we eston žurnalistleriniň tejribe alyşmaklary boýunça okuw maslahaty geçirildi

Estoniýanyň paýtagtynda iýunyň birinji ongünlüginde KHBS-ni döwrebaplaşdyrmak babatda öňdebaryjy işleri hem-de metbugat gulluklarynyň iş tejribelerini alyşmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi onuň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Türkmenistanyň dürli KHBS-niň wekilleri Tallinde bolan saparynyň dowamynda Estoniýanyň birnäçe KHBS-niň, dürli edaralarynyň metbugat gulluklarynyň işleri hem-de Parlamentiň, daşary syýasat edarasynyň, Bilim we barlag işleri ministrliginiň, Durmuş syýasaty meseleleri boýunça ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça Departamentleri bilen tanyşdylar.

«Duo Media Networks OÜ» we «Delfi Meedia AS» media-kompaniýalaryň işgärleri, şeýle hem «Postimees» neşiriniň redaksiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar tejribe we amaly iş usullary alyşmak babatda aýratyn peýdaly boldy.

«Duo Media Networks OÜ» düzümine teleýaýlymlaryň on ýedisi we radioýaýlymlaryň altysy girýär. Kompaniýanyň iň irisi we öňdebaryjysy «Kanal 2» bolup, ol Estoniýanyň ýaşy boýunça iň uly hususy teleýaýlymlarynyň biridir. Täzelikler portallarynyň 1999-njy ýylda işe başlandygyna garamazdan, häzirki wagt Delfi-niň okyjylarynyň jemi sany 700 müňe ýakyn adama barabardyr, portallar iň köp görülýän saýtlaryň ilkinji 10-lugyna girýär. Türkmen žurnalistleriniň 1857-nji ýylda döredilen iň ýaşy uly gündelik çap edilýän jemgyýetçilik syýasy «По́стиме́эс» (est. «Postimees» – «Poçtaçy») gazetiniň işgärleri bilen duşuşygy gyzykly we özüne çekiji boldy. Eston halkynyň bar bolan meselelerini beýan etmek hem-de olaryň umyt-arzuwlarynyň çap ediş sözi arkaly amala aşyrylmagy gazete uly meşhurlyk getirdi. Estoniýanyň gazetler birleşiginiň maglumatlaryna görä, iş günlerinde gazet Baltika ýakasynda iň köp san bilen çap edilýär.

Estoniýanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar departamentleriniň işgärleri hem-de žurnalistleri bilen duşuşyklar iş tejribelerini alyşmak babatda özüne çekiji we peýdaly geçdi.

Talliniň gözel ýerleri, onuň özboluşly we täsin binagärligi bilen tanyşlykdan, esasy bolsa, şäheriň köçelerinde aýratyn hoşniýetlilik we myhmansöýerlik görkezen ýönekeý estonlar bilen duşuşyklar hem-de olar bilen gürleşmek türkmen žurnalistlerinde iň ýakymly täsirler galdyrdy.