Ï «Awaza» akwaparkynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» akwaparkynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi

view-icon 3974
«Awaza» akwaparkynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda bedenterbiýe maşky we saglyk çäresiniň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

Köp sanly ýoga muşdaklary, şeýle hem bu günler Hazaryň kenaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar ýapyk akwaparkyň meýdançasyna ýygnandylar. Tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda sapaklara gatnaşyjylar asana we dem alyş maşklaryna başladylar.

Ýoga boýunça ussatlyk sapagyna Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagaty gatnaşdy. Ol bu ýere ýygnananlary mübärekläp, her ýyl 21-nji iýunda Halkara ýoga güni mynasybetli ençeme şäherlerde we ýurtlarda çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şu sene bilen baglanyşykly 12-nji we 14-nji iýunda Türkmenabatda we Mary şäherinde şeýle sapaklar geçiriler.

21-nji iýunda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde açyk ýoga sapagy hem geçiriler.

Awazada dynç dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda gojaman Hazaryň kenarynda batbörek uçurmak, çägeden şekil ýasamak boýunça bäsleşik geçirildi.

«Balkan» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar hem surat çekmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde ýaş suratkeşler deňiz kenarynyň ajaýyplygyny, gözelligini öz suratlarynda wasp etdiler. Bäsleşige gatnaşan hem-de ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.