Türkmenistanda adamlaryň, haýwanlaryň we ekoulgamlaryň durnukly deňagramlylygyna we oňaýlylygyna gönükdirilen toplumlaýyn, bitewi çemeleşme bolan «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça milli utgaşdyryjy pudagara toparyň ilkinji ýygnagy geçirildi.
Türkmenistanda «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugyndan we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginden milli utgaşdyryjylar bellenildi. Milli utgaşdyryjy pudagara toparyň döredilmegi Türkmenistanyň saglyga we durnukly ösüşe bitewi çemeleşmä ygrarlydygyny görkezýär.
«Bitewi saglyk» konsepsiýasy adamlaryň, haýwanlaryň we ekoulgamlaryň amatly saglyk ýagdaýyna ýetmäge we bu üç ugruň arasynda durnukly deňagramlylygy üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn, birleşdiriji çemeleşmedir. Bu ugurlaryň arasynda jebis arabaglanyşyga esaslanýan bu konsepsiýa kesellere garşy gözegçiligiň täze usullaryny işläp düzmek üçin ulanylýar.