Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 2741
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini habar berip, bu möhüm ähmiýetli Kanuny makullandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlara taýýarlyk görlüşi hakynda habar berildi. Bu saýlawlary şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler merkezi saýlaw topary, Aşgabat şäheriniň häkimligi, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda alnyp barylýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Çehiýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Yrak Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlament diplomatiýasy arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri kanun çykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, Gazagystan Respublikasynda, Estoniýada, Täjigistan Respublikasynda iş saparlarynda boldular.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow standartlaşdyrmak we metrologiýa ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan pudak edaralarynda ulanylýan ölçeg serişdelerini döwürleýin deňeşdirme barlagyndan geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Wise-premýer bu ugurdaky işleriň “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkara standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, konserniň garamagyndaky desgalary döwrebaplaşdyrmak we olaryň enjamlaryny kadaly ýagdaýda saklamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Hususan-da, gaz gysyjy desgalarda öz wagtynda hyzmat etmek, tehniki enjamlary tapgyrlaýyn we düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gaz geçirijileriň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, gaz desgalaryny doly kuwwatynda işletmek üçin olary maddy-tehniki enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin meýilnamalaýyn işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, enjamlary satyn almak, bejermek, hyzmat etmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň sebitlerindäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ony Watanymyzyň bereketli harmanyna tabşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, şu gün Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna girişdiler. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda şaly ekişine başlamaga taýýarlyk görülýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda tagallalar edilýär, suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmegi, ýygnalan hasyly harmana tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kada laýyklykda geçirmegi dowam etdirmegiň hem-de ony gözegçilikde saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak üçin hem degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlaryny bökdençsiz işletmek üçin önümçilikleri çig mal bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Karbamid öndürýän zawodlar üçin gerek bolan çig mallary satyn almak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid öndürýän zawodlarynyň önümçiligi üçin zerur bolan karbamidli formaldegid konsentratyny satyn almak hakynda» Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu resminamada kesgitlenen çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriler. Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara çärelere, sergilere, maslahatlara işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek bu iri möçberli serginiň söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu döredijilik çäresini şu ýylyň oktýabrynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden teatr toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe dabaralara we çärelere badalga berlendigini belledi hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugrunda tapylan tapyndylary muzeýleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapyldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, hut şol döwürde Köneürgenç şäheri transkontinental ýoluň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, Günbatar we Gündogar döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine täsirini ýetiren iri söwda-aragatnaşyk ýollaryny herekete getirýän kuwwatly merkeze öwrülýär. Ýokarda agzalan tapyndylar hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynda beýan edilýän taryhy maglumatlaryň üstüni ýetirýär.

Wise-premýer häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylaryň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasyny şu ýylyň 22-nji iýunynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi. Dabaranyň çäklerinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahatyny hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamagyň, olary ylmy taýdan öwrenmegiň we geljek nesillerimize ýetirmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Daşoguz welaýatynyň çäginde tapylan tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, olary muzeýe tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň kanunlaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliginiň ösüşiniň yzygiderli gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýokarda agzalan resminama taýýarlanyldy. Taslamada bu ulgamda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga, önümçilige innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyz bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ýöriteleşdirilen halkara we sebit guramalary, şol sanda Ýewraziýa patent guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilendigi bellenildi. “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” bu gullugyň işiniň ulgamlaýyn esasda amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Onuň esasynda awtorlyk hukugyny goramak we hemmetaraplaýyn kepillendirmek üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler, şol sanda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan “Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnamasyna” goşulmagy baradaky teklip hödürlenildi. Wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama goşulmak arkaly ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarda, hususan-da, Ýewraziýa patent guramasynda wekilçiligini giňeltmek boýunça teklip beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylda bolsa Ýewraziýa patent guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine Ýewraziýa patent guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri kemala geldi. Bu şäherde gurnalyp işe girizilen innowasion tehnologiýalar we sanly çözgütler, “akylly” öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga, ornaşdyrylan ulgamlary sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ugurlarda sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän “Aşgabat-sitide” hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmegi baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň has-da kämilleşdirilmegini talap edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygyny aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 16-17-18-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. “Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz, edýän ýagşy doga-dilegleriňiz kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.