Ï Türkmenistanda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça seminar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça seminar geçirildi

view-icon 2389
Türkmenistanda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça seminar geçirildi

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda öri meýdanlaryny we ýörite goralýan tebigy ýerleri durnukly dolandyrmak boýunça okuw seminary geçirildi.

Seminary Ählumumy ekologiýa gaznasynyň maliýe taýdan goldamagynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Aral deňziniň çäginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlykly ekoulgamlary gorap saklamak hem-de durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde gurady. 

Ol ýerli hünärmenleriň we hususy pudagyň wekilleriniň öri maldarçylygy pudagynda nazarýet bilimlerini artdyrmaga hem-de başarnygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendi. Oňa gatnaşanlar Türkmenistanda ýörite goralýan ýerleri dolandyrmagy düzgünleşdirmegiň kanuny binýady, öri meýdanlarynyň ekoulgamlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin öri meýdanlaryna baha bermegiň innowasion usullary bilen tanyşdylar.

Howanyň üýtgemeginiň zelelini azaltmakda öri meýdanlarynyň möhüm ähmiýeti bar. Mundan başga-da, öri meýdanlary biodürlüligi gorap saklamaga, topragy durnuklaşdyrmaga we suw dolanyşygyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär, olaryň howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmaga täsirini hasam güýçlendirýär.