Ï Geljek hepdede ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geljek hepdede ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 2980
Geljek hepdede ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Ýurdumyzda yssy we birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Dynç günlerine ýakyn termometriň simap sütünleri + 43... gradusa çenli ýokarlanar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +22... +24 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan +39... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda hem ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +36… +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Yssy günlerde Gün urmazlygy üçin onuň täsirini çäklendirmäge synanyşyň! Munuň üçin ýeterlik möçberde suw içmegi we daşary çykanyňyzda göni Gün şöhlesinden goranmak üçin baş gaply ýa-da saýawanly çykmagy unutmaň!