Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

view-icon 2226

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Abdulla bin Tuk Al-Marriniň belleýşi ýaly, dostlukly döwletiň Hökümeti oňyn syýasaty durmuşa geçirýän hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, BAE-niň ykdysadyýet ministriniň saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemegine we täze ugurlar boýunça giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň hem-de türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň köpugurly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi nygtaldy. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, däp bolan gatnaşyklar özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün Aşgabatda geçirilýän türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ýangyç-energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribe munuň aýdyň güwäsidir. Şunda Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Bu kompaniýa bilen Türkmenistandaky iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu gaz käni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi boýunça ýangyjy ibermegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy milli derejede, şeýle hem üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlar üçin TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini nygtady.

Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryny nazara almak bilen, Türkmenistan nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Emirlikleriň işewür toparlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda dürli pudaklary öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň çäklerinde gaz ýataklary özleşdirilýär, möhüm energetika desgalary, döwrebap senagat kärhanalary gurulýar. Bularyň ählisi işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we türkmen tarapynyň BAE-li hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri we BAE-niň ykdysadyýet ministri söwda, maýa goýumlar, ulag we kommunikasiýa, “ýaşyl” energetika hem-de ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem dünýäniň atçylyk medeniýetinde naýbaşy hasaplanylýan, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup durýan ahalteke bedewleri bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman behişdi bedewleriň gözelligine we türkmen ýigitleriniň çapyksuwarlyk sungatyna haýran galýandygyny aýdyp, ahalteke tohumyny aýawly saklamak we onuň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlaryny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.