Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

view-icon 2659
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, goranmak ministriniň şu gezekki saparynyň hem-de onuň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň netijeli döwletara dialogy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkiýäniň milli goranmak ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň bütin türk halky üçin aýratyn buýsançly waka bolandygyny, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrülendigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyna üns çekildi. Taryhyň synagyndan geçen, köki asyrlara uzaýan bu gatnaşyklar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkiýe biziň ýurdumyzyň ähmiýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalarynyň we işewürleriniň alyp barýan netijeli işleri muňa mysaldyr. Şoňa görä, Milli Liderimiz hem-de myhman bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdiler. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy. Şunda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, serkerdeleriň we esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri iki döwletiň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.