Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň täze IV möwsümine gatnaşjaklaryň saýlanyp alynmagyna badalga berildi.
Bäsleşik ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň 10–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýokary okuw mekdebiň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary synp okuwçylar 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna özleri baradaky şahsy maglumatlary ibermelidirler.
Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly: 1. Şahsy maglumatlary (ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep lybasynda resminama üçin düşülen 3x4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen); 2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri; 3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri; 4. Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we ş.m.
Täze möwsüme gatnaşjaklaryň düzümi test soraglaryna jogap bermegiň netijeleri esasynda kesgitleniler. Ol şu ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde geçiriler. Test sowallary 100 sany ýazmaça soraglary özünde jemlär. Soraglar Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden mekdep maksatnamasy boýunça taýýarlanyldy. Mundan başga-da, okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen, akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar.
Bäsleşik dördülenji okuw ýyly yzygiderli geçirilýär hem-de Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýola goýlan däbe görä, onuň täze möwsümi 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda geçiriler. Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň hünäre ugrukdyryş häsiýetli bu uly taslamasy taryha, syýasata, diplomatiýa aýratyn gyzyklanma bildirýän we geljekde diplomatik işlerde üstünlikli zähmet ýoluny gurmagy arzuw edýän has zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de çekmäge gönükdirilendir.