Ï Bişkekde Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlary gönükdirmek boýunça halkara forum geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bişkekde Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlary gönükdirmek boýunça halkara forum geçirildi

view-icon 531
Bişkekde Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlary gönükdirmek boýunça halkara forum geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti 26-27-nji iýunda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlary gönükdirmek boýunça ilkinji halkara foruma gatnaşdy.

Forum bäş sany Merkezi Aziýa döwletleriň saglygy goraýyş ministrleri tarapyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Ýol kartasyny durmuşa geçirmekde öňegidişligi çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýol kartasy saglygy Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetinde möhüm bir bölege öwürjek, bäş döwletde hemmeler üçin giň gerimli we dowamly geljegi üpjün etjek strategik ugry kesgitleýär.

Foruma gatnaşanlar Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlaryny artdyrmagy, 2022–2025-nji ýyllarda saglyga we abadançylyga goldaw boýunça Ýol kartasynyň maksatlaryna ýetmegi we 2025-nji ýyldan soň başlanan işleri dowam etdirmäge borçlandylar. Bu forum Merkezi Aziýada saglyk we abadançylyk pudagynda strategik bileleşik döretmek we bilelikdäki taslamalar üçin serişde toplamak üçin-de niýetlenendir. Netijede, oňa gatnaşanlar jemleýji Beýannama gol çekdiler.