Paýtagtymyzyň medeniýet durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolup geçdi. Tureskiýniň meşhur hory Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde iki konsert berdi.
– Biziň Aşgabada gelmek arzuwymyz köpden bäri bardy, ahyrsoňy geldik we şeýle owadan, arassa we ajaýyp ak mermerli şähere tüýs ýürekden haýran galdyk — diýip, horuň ýolbaşçysy Mihail Tureskiý konserti şu sözler bilen başlady. – «Nýu-Ýork, Pariž, Tokio, sowulyň, Aşgabada ýol beriň!». Ine, şäheriňiz bize şunuň ýaly täsir etdi. Indi bolsa sizi sungatymyz bilen haýrana goýmagyň wagty geldi.
Özboluşly aýdym-saz topary munuň hötdesinden dessine geldi. Mihail Kuznesow Rimskiý-Korsakowyň «Garpamyk» eserini şeýle bir aýdyň we ajaýyp ýerine ýetirdi welin, ol göz öňünde janlanan ýaly kabul edildi. Mihailiň seýrek soprano sesi bar. Ýeri gelende aýtsak, Tureskiýniň horunda dünýäde iň pes bas-profundo sesiň eýesi Ýewgeniý Tuminow hem bar.
Hazar deňziniň kenarynda surata düşürilen «Белое солнце пустыни» («Çölde dogan ak Gün») filminden «Ваше благородие» («Siziň jenabyňyz») aýdymy üýtgeşik ýaňlandy. Bu filmden görkezilen parçalar şowhunly aýdym bilen goşulyşyp, üýtgeşik täsir galdyrdy.
Söýgi bilen Moskwadan Tureskiýniň hor topary türkmen tomaşaçylary bilen duşuşyga gowy taýýarlanypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine ýazylan «Aşgabat» aýdymy ýerine ýetirildi we onuň üçin düşürilen wideoýazgylar paýtagtymyzyň näderejede gözeldigini ýene bir gezek nygtady. Türkmen aýdymlaryndan «Garagum» we «Bibi jan» aýdymlary-da ýerine ýetirildi.
Tureskiýniň horunyň öz ýerine ýetiriş uslyby bar. Aýdymçylar sahnada erkin gezim edýärler we her bir çykyş kiçeňräk oýna meňzeýär. Onuň ýolbaşçysy, ýagny konserti alyp baryjy Mihail Tureskiý hem tomaşaçylary bilelikde aýdym aýtmaga yzygiderli çagyrýar. Aslynda, bu gaty gowy boldy. «Million elwan bägül», «Katýuşa» we «Akýar Wolga derýasy» aýdymlaryny tomaşaçylar we sahna bilelikde ýerine ýetirdi. Şonuň üçin indi bu konserti diňlänleriň hemmesi özleri hakda: «Men Tureskiýniň horunda aýdym aýtdym» diýip biler.
Ýeri gelende aýtsak, konsertiň öňýany metbugat ýygnagynda Mihail Tureskä: «Siziň toparyňyza nädip girip bolar?» diýen, sowal berildi. «Gaty aňsat. Üýtgeşik sesiň bolmaly» diýip, ol jogap berdi.
Harby aýdymlar ýerine ýetirilende, «Dubinuşka» atly rus halk aýdymy aýdyldy, ýöne asla Pýotr Şalýapiniň birmahal aýdyşy ýaly däl-de, döwrebap usulda, watançylyk äheňinde. Ekrandaky wideoýazgylarda buragçylar däl-de, polat eredýän işçiler, polýar gözlegçileri, Gagarin, täze şäherler, ýaş nesliň bagtyýar keşpleri görünýärdi. Diňe öz hünärleriniň ussatlary aýdymyň mazmunyny şeýle ajaýyp üýtgedip bilerler.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin ajaýyp agşam üçin artistlere hoşallyk bildirdi.