Ï BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň akademiýasynyň diňleýjileri emeli aňyň bähbitli we zyýanly taraplaryna baha berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň akademiýasynyň diňleýjileri emeli aňyň bähbitli we zyýanly taraplaryna baha berdiler

view-icon 2901
BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň akademiýasynyň diňleýjileri emeli aňyň bähbitli we zyýanly taraplaryna baha berdiler

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň diňleýjileri «Innowasiýalar we emeli aň parahatlygyň hyzmatynda» atly onlaýn okuwa gatnaşdylar.

Okuwy BMG-niň Syýasy meseleler we parahatlygy berkarar etmek departamentiniň Syýasat we araçylyk bölüminiň innowasiýa bölümçesiniň başlygy Martin Weliş alyp bardy. Ol maglumatlary işlemek we derňemek, innowasiýalar we sanly üýtgeşmeler, strategik çaklama, özüňi alyp baryş ylymlary, öndürijilik we netijeler üçin has ygtybarly mümkinçiliklere gönükdirilen «özgerişler kwinteti» syýasaty bilen tanyşdyrdy.

Ol, şeýle hem iň täze innowasiýalar we emeli aňyň we innowasiýalaryň BMG-niň, Kätipligiň, meýdan wekilhanalarynyň we agentlikleriň işinde ulanylyşy barada gürrüň berdi. Martin Weliş BMG-niň dürli yklymlarda alyp barýan işinde EA-ny ulanyşy we tehnologik innowasiýa barada anyk mysallary paýlaşdy. Talyplar amaly gönükmeler arkaly syýasy çykyşlary seljerenlerinde, EA-nyň bähbitli we zyýanly taraplaryna baha berip bildiler. Bu gönükmeler geljekde EA gurallaryny sazlamagyň we ösdürmegiň zerurdygyny görkezdi.