Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 2700
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň harby gullukçylarynyň nazary bilimlerini, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, nobatdaky harby gulluga çagyryşyň netijeleri, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza hem-de döwrebap talaplara laýyklykda, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýarlygyny, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe we göz öňünde tutulan beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmek, olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek üçin durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň hukuklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragynda duran döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetini belledi. Şunda ähli pudaklarda kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz Baş prokurora jenaýatyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri, şol sanda bu ugurdaky wagyz-nesihat işlerini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýol gözegçiligi, ýangyn howpsuzlygy düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu gulluklaryň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Içeri işler ministrliginiň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, ýurdumyzda hukuk tertibiniň, kanunylygyň ýokary derejede bolmagynyň, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Häzirki wagtda tomus möwsüminiň dowam etmegi, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangynyň döremegine garşy gözegçilik işlerini alyp barmak tabşyryldy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, kazyýet işini talabalaýyk guramak üçin görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek babatda amala aşyrylan işler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýetiň ähli işiniň kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazylara kanunçylygy ulanmak boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri bermegi, olaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyryp durmagy tabşyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, döwletiň milli bähbitlerini goramak, asudalygy, durnuklylygy üpjün etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň, ministrligiň degişli ösüş maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gazanylýan uly üstünlikleriň we ýetilýän belent sepgitleriň ýurdumyzda howpsuzlygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenen borçlaryň, harby gullukçylaryň öňünde durýan wezipeleriň örän jogapkärlidigine ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş esgerleriň harby-watançylyk taýdan terbiýesi boýunça guralýan çäreleriň netijeliligini artdyrmak babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy we beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny, döwletimiziň içeri, daşary syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany hökmünde çykyş etmelidigini belledi. Döwletimiz tarapyndan Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin mundan beýläk-de oňaýly şertler dörediler, serhet birikmeleriniň döwrebap binalary we durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli ösüş maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilat arasynda we edara-kärhanalarda kanunçylygy düşündirmek boýunça işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli işleri, gazanylýan üstünlikleri wagyz-nesihat etmegi giňden ýola goýmak tabşyryldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we düzümleýin edaralaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýörite enjamlary ulanmak babatda harby gullukçylaryň hünär bilimini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz gümrük barlag enjamlary boýunça dünýäniň innowasion täzeliklerini yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň öňünde goýlan wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, degişli ösüş maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň işiniň talabalaýyk guralmagynyň gullukçylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, migrasiýa çärelerini dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen standartlara laýyklykda geçirmek üçin oňyn şertleriň döredilmegini talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň raýatlary tarapyndan migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini nygtady. Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.