Ï Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary

view-icon 2524

2024-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýewiň Bawariýa iş saparynyň çäklerinde Mýunhen şäherinde Bawariýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Döwlet ministri Erik Baýsswenger bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşugyň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, iri germen işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar sebitara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini bellediler, Türkmenistan bilen Bawariýa ýeriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki söwda-ykdysady çäreleri guramak barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, iş saparynyň dowamynda konsul Mýunheniň we Ýokarky Bawariýanyň Söwda-senagat edarasynyň Dolandyryş geňeşiniň agzasy, halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Kristof Angerbauer bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Bawariýanyň işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygy beýan edildi. Şeýle-de bilelikdäki işewürlik forumyny guramak we Mýunhen şäherinde Türkmenistanyň giň mümkinçiliklerini beýan edýän çäräni geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.