Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Ýokary derejeli duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen Türkmenistany däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyk baglanyşdyrýar. Munuň özi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen tarapynyň ŞHG-niň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändiginiň, şeýle hem Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.
...Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk” köşgüne ugrady. Bu ýerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçirildi.
ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän halkara hökümetara guramadygyny bellemek gerek. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden, syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Gazagystan Respublikasy şu sammiti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde kabul edýär.
Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-ä agza döwletleriň hem-de guramada synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem çagyryldy.
“Garaşsyzlyk” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, uly mejlisler zalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” görnüşindäki mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýygnananlary mähirli mübärekläp hem-de parahatçylykly, sazlaşykly ösüşiň gün tertibini ilerletmekde şu sammitiň ähmiýetini belläp, mejlise gatnaşyjylara söz berdi.
Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň meýillerine doly laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Elbetde, Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardyr.
Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Bu pikir biziň sammitimiziň mowzugyna doly laýyk gelýär. Biz muny BMG-de, beýleki abraýly köptaraplaýyn düzümlerde bilelikdäki netijeli işe başlamak üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda berkidildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip bolardy. Siziň bu teklibi goldamagyňyza umyt edýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň daşary syýasy bölegini teswirlemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň diňe parahatçylykly, durnukly we açyk-aýdyň ösüş bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esasy hökmünde birek-birege hormat goýmak ýörelgesine daýanýan dialogyň formulasyna özara gatnaşyklaryň hut şeýle ugruna geçmegiň, olary yzygiderli ösdürmegiň we ýagdaýy kadalaşdyrmagyň esasy şerti hökmünde garaýar.
Hormatly Arkadagymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda özara ykdysady bähbitleriň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýandygyny belledi. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdeler we demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ulgamlarda — ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, beýleki köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan geografik taýdan bu uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar. Onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda hem-de düzümlerde işleşmäge taýýardyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz üstaşyr ulag ulgamy babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry aýratyn belledi.
Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistik nukdaýnazardan, bu örän amatly ýoldur. Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar.
Türkmenistanyň hem-de ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugur Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Energetika ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan ŞHG ýurtlaryna iberilýän uglewodorod çig malynyň we elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak mümkinçiligine eýedir. Şunda hormatly Arkadagymyz tebigy gazyň möçberi we iberilýän möhletleri babatda ýurdumyzyň şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika we kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Gürrüň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar.
Türkmenistan ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny beýan edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy öwrenmek, innowasion geljek, ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy, ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär. Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
***
Şu gün Milli Liderimiz Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda dikilen heýkeliň ýanyna geldi. Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew mähirli garşylady. Dabara Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri, medeniýet işgärleri, iki döwletiň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, dostlukly ýurduň Parlamentiniň deputatlary gatnaşdylar. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, goňşy ýurduň ähli halkyna türkmen wekiliýetine bildirilen dostluk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-gazak dostlugy häzirki wagtda has-da berkeýär. Islendik döwürde-de türkmen we gazak halklary iň ýakyn goňşy bolmak bilen, birek-birege uly hormat-sarpa goýýan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, özara düşünişmek däplerine eýerýän doganlyk halklardyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär.
Magtymguly atamyzyň goşgularynda dostlugyň wasp edilişi ýaly, biz bir supranyň başynda, ýakynlygymyz hem ýürekdeşligimiz bilen, «Agzybire Taňry biýr» diýen ajaýyp pähimimizden ugur alyp, beýik işleriň başyny başlaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmenistanda 2024-nji ýyl söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Golaýda Aşgabadyň ajaýyp künjeginde, gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ýadygärliginiň, şeýle-de dünýäniň onlarça ýurdunyň görnükli şahsyýetleriniň heýkelleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we gazak halklaryny köpasyrlyk taryhy ýakynlyk baglanyşdyrýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Döredijilikde uly yz goýan şahsyýetleriň biri, kompozitor, dombra saz guralynda gazak halkynyň milli aýdymlaryny ýerine ýetiren ozan Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylmagy medeni gatnaşyklarymyzyň taryhyň gatlaryna uzap gidýän kökleriniň bardygyny görkezýär. Geljekde Aşgabatda görnükli gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkelini oturtmagy göz öňünde tutýarys. Ine, görşüňiz ýaly, munuň özi hemme döwürlerde ysnyşykly, ýakyn gatnaşyklary saklamakda medeniýetiň, sazyň, şygryň, umuman, döredijiligiň uly ornunyň bardygynyň aýdyň güwäsidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Ýakynda Astana şäherinde ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri hem iki döwletiň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde özboluşly waka öwrüldi.
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ynsan kalbynda döreýän ajaýyp duýgular, agzybirlige çagyryşlar öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Ol diňe türkmen halkynyň edebiýatynyň däl-de, eýsem, türki dilli edebiýatyň hem baýlaşmagyna uly goşant goşan şahsyýetdir. Beýik akyldaryň geljek nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda häzirki döwürde-de gazagystanly terjimeçilerdir şahyrlaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime edip, okyjylara ýetirýändiklerini, şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleriniň gazak kärdeşleri bilen bilelikde Gazagystanyň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürendiklerini aýratyn buýsanç bilen belledi.
Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde bitirýän hyzmatlary üçin gazagystanly edebiýatçy alymlara, ýazyjy-şahyrlara we sungat ussatlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň halkyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň adyndan minnetdarlygyny beýan etdi. Bu heýkeliň açylmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň, birek-birege hormat goýlup, ata-babalarymyzyň gymmatly wesýetleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we çykyşyny: “Goý, türkmen-gazak dostlugy baky ýaşasyn!” diýen sözler bilen jemledi.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekledi. Şunda şu günki wakanyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gazanylan ylalaşygyň netijesinde mümkin bolandygy nygtaldy.
Şu gün türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşyna gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr. Beýik akyldar şahyr dostlukly halkyň ruhubelentliginiň, parasatlylygynyň, ynsanperwerliginiň nyşanyna öwrüldi. Geljekde Aşgabatda gazak akyldary we şahyry Abaýyň hem şeýle heýkeliniň oturdyljakdygynyň çuňňur manysy bar diýip, Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy aýtdy.
Biziň ýurtlarymyzy öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ägirt uly goşandy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki ýagdaýlarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesini “nusgalyk” diýip atlandyrmak bolar. Iň esasysy bolsa, iki halkyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän özara düşünişmek, dostluk däpleri yzygiderli ösdürilýär.
M.Aşimbaýew Astanada beýik şahyr Magtymgulynyň heýkeliniň açylmagynyň biziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň anyk mysaly bolmak bilen çäklenmeýändigini aýtdy. Munuň özi iki doganlyk halkyň köki asyrlara uzaýan mizemez ruhy gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr. Elbetde, Magtymguly Pyragynyň mirasy tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup durýar. Hut şoňa görä-de, şu ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edildi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizildi.
Gazagystanlylar üçin Magtymgulynyň döredijiligi aýratyn ähmiýete eýedir we doganlyk mährine çoýulandyr. Magtymgulynyň beýikligi adamzat pikiriniň hem ruhunyň parlak ýyldyzydyr. Biz Magtymguly Gazagystanda iň meşhur we uly sarpa goýulýan şahyrlaryň biri diýip ynamly aýdyp bileris. Ajaýyp söz ussady baradaky bu sözler meşhur gazak alymy, akademik Zaki Ahmetowa degişlidir diýip, Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy nygtady.
Beýik Abaýyň goşgulary we filosofiýasy ýaly, türkmen halkynyň beýik oglunyň şygryýet mirasy hem Gazagystanda türki medeniýetiň umumy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edilýär. Iki şahyryň döredijiligini şahyrana zehiniň güýji, pikirleriň çuňňurlygy hem-de Gündogar üçin umumy bolan ynsanperwer ýörelgeler baglanyşdyrýar. Şeýle-de olary ahlak taýdan kämillige, halklaryň jebisligine çagyryş ýakynlaşdyrýar. XIX asyryň ortalarynda Germaniýada şahyryň eserlerini neşir eden wengriýaly Gündogary öwreniji Arminiý Wamberi hem Magtymgulynyň şygyrlarynyň parasatlylygyny, öňdengörüjilikli häsiýete eýedigini belläp geçipdir. Şahyryň bu zehini “Türkmeniň” atly goşgusynda-da öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy aýtdy we bu ajaýyp şygyrdan setirleri okady. Umuman, türkmen halkynyň parasatlylygyny, özboluşlylygyny özünde jemleýän Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girdi we Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýar.
Türkmen halkynyň beýik oglunyň heýkeliniň açylmagy şahyryň ýubileýine bagyşlanan beýleki birnäçe çäreler bilen utgaşdy. Gazagystanyň dürli şäherlerinde ylmy maslahatlar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi golaýda Magtymguly adyndaky halkara baýragy döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu ädimleriň beýik akyldaryň mirasyny Gazagystanda wagyz etmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň, ynanyşmagynyň, özara düşünişmeginiň mynasyp dowamy bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn diýip, Maulen Aşimbaýew belledi.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär: türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini açýarlar.
Heýkeliň umumy beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan pursadyny şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň eserleri ähmiýetini ýitirmän gelýär hem-de ol Türkmenistanyň çäginden daşarda-da örän meşhurdyr. Çünki olarda ebedi ynsanperwer ýörelgeler — Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr asyllylyk, wepalylyk, ruhy-ahlak taýdan arassalyk, rehim-şepagatlylyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly ynsanyň iň gowy häsiýetlerini wasp edipdir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy ýadygärligiň etegine ajaýyp gül desselerini goýýarlar we beýik söz ussadyny sarpalaýarlar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary-da heýkele gül goýdular.
Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz gazak Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanda gazak dilinde neşir edilen, Aşgabatda açylan täze “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bagyşlanan kitapçanyň gowşurylandygy bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, bu giň gerimli taslama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy. Kitapçada Gahryman Arkadagymyzyň şu gün Astanada geçirilen dabarada sözlän sözi hem çap edildi.
***
Şu gün Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz “Akorda” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany goňşy döwletiň Baştutany mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Astana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň we ŞHG-niň sammitine gatnaşmagynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýedir we okgunly ösüşi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şu günki duşuşygyň uly ähmiýetini belledi. Bu duşuşyk geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýär. Dostlukly ýurduň Lideri döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny asyrlaryň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk däpleriniň düzýändigini nygtap, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana gelmäge we hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşyk dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşmaça itergi berer.
Gahryman Arkadagymyz şu günki günüň möhüm waka — Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyna beslenendigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe bu dabaranyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şu gezekki sammitiň we onda kabul ediljek çözgütleriň, Gazagystan Respublikasynyň ŞHG-de başlyklyk etmeginiň netijeleriniň bu guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky dialogyň däp bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli, netijeli gatnaşyk edýärler, birek-birege özara goldaw berýärler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini görkezýärler. Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köptaraply meýdançalarda hyzmatdaşlyk meselelerine işjeňlik we öňdengörüjilik bilen çemeleşýändigi nygtaldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün “ŞHG+” formatynda geçirilen duşuşykda eden çykyşynda-da öz beýanyny tapdy.
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, söwda-ykdysady ulgam onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu babatda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara haryt iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda bilelikdäki düzümleriň — hökümetara toparyň we işewürler geňeşiniň işine möhüm orun degişlidir.
Ulag-kommunikasiýa, logistika ulgamy türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ulgamda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmaga ýardam eder.
Energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Transmilli gaz geçiriji munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol gaz geçiriji boýunça mawy ýangyç Türkmenistandan Hytaýa iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň medeni we ruhy taýdan umumylygy ata-babalarymyzyň gymmatly mirasy bolup durýar hem-de häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Bellenilişi ýaly, şu gün Astanada Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy döwletara gatnaşyklaryň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy. Golaýda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bolsa ajaýyp gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen paýtagtynda ajaýyp gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkelini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi biziň halklarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri, hususan-da, döredijilik çärelerini guramak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz we Gazagystanyň Prezidenti däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy hem-de şol ýerden Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Astanada gazak kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olarda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bu babatda biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesine hem-de uly kuwwata eýedir. Munuň özi täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy. Bu bolsa umumy bähbitlere doly laýyk gelýär.