Ï BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

view-icon 2817
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlaryny bellemelidiris. Olar ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, bu iri düzümiň abraýyny artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Guramanyň işiniň esasy maksatlary dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, halkara meseleleri çözmek, adam hukuklaryna hormat goýulmagyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hut biziň ýurdumyzyň açyklygy, onuň Milletler Bileleşiginiň binýadynda goýlan belent ýörelgelere ygrarlylygy 1995-nji ýylda Türkmenistana dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde BMG tarapyndan özboluşly Bitaraplyk derejesiniň berilmegini şertlendirdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi.

Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň guramanyň esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Olar bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrüldi. Bilelikdäki hyzmatdaşlyk ýyllarynda döwletimiz gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ýola goýup, öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýändigini görkezdi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň sessiýalarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny bellemek gerek. Şol başlangyçlar bu düzüm tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmen tarapynyň energetika howpsuzlygyny we turba geçiriji infrastrukturanyň ygtybarlylygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara ulgamyny döretmek boýunça gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça başlangyçlarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Milletler Bileleşiginiň derejesinde hemmetaraplaýyn dialoga kuwwatly itergi berdi.

...BMG-niň we Türkmenistanyň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Uçaryň öňünde milli lybasly çagalar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar. Iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly ýodajygyndan ýöräp, Antoniu Guterriş resmi wekiliýetler zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşyp, mundan beýläk-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ugruna berk eýerer. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Ol bilelikde işlemek üçin esasy resminama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň göz öňünde tutulan maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de ähli çäreleri görjekdigi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalar hem-de BMG-niň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Antoniu Guterrişe türkmen tarapynyň dünýäde özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Öz nobatynda, BMG-niň Baş sekretary Aşgabada nobatdaky gezek sapar bilen gelýändigine şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar hem-de ýola goýlan, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna berk eýerýär.

Myhman Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunda Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideriniň raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak meselelerini çözmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BMG-niň Baş sekretary köp ugurlary — durmuş-ykdysady, hukuk ulgamyny, ynsanperwer, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we beýleki birnäçe ugurlary öz içine alýan däp bolan hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňky ýyllarda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesi hem-de onuň köpugurly mümkinçilikleri bu işde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, netijeli tekliplere, olary durmuşa geçirmek babatda tagallalara esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we BMG-niň Baş sekretarynyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň howa menzilinden “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Iri halkara düzümiň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ertir günüň birinji ýarymynda geçirjek resmi duşuşygy belent mertebeli myhmanyň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň esasy wakalarynyň biri bolar. Ikiçäk we giňeldilen düzümde guraljak gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hem halkara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň ençemesi giriziler.

Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri göz öňünde tutulýar. Garaşylyşy ýaly, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alşylar.

Aşgabada saparynyň barşynda jenap Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň edarasyna baryp görer. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy “Mirap” binasynyň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem gatnaşar. Bu bina BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna berler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki sapary hem-de geçiriljek gepleşikler netijeli köpýyllyk gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, täze taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berer.