Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde şu ýyl 60 ýaş toýuny belleýän nakgaşlar Ýakup Kalmyradowyň we Tekemämmet Annamämmedowyň eserleriniň sergisi açyldy.
Merkeziň tutuş ikinji gaty nakgaşlaryň dürli ýyllarda döreden suratlaryndan doludy. Ýakup Kalmyradow işleriniň arasynda Nebitdag şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde tälim alan döwri çeken özboluşly suratlaryny goýupdyr. Ol şol döwürde Plutarhyň ýazgylary boýunça Gadymy Rimiň taryhy bilen gyzyklanýardy. Ýakup Kalmyradow henizem taryhy gowy görýär. Şonuň üçinem onuň sergä hödürlän işleriniň arasynda çaga döwrüniň pişesi bolan «Germaniýanyň taryhy», şeýle hem «Saud Arabystanynyň taryhy» atly suratlary bar.
Rowaýatlar we ertekiler nakgaşyň öz döredijiliginde köp ýüzlenýän temalarynyň biridir. Sergide Magtymguly Pyragynyň «Kepderi» goşgusyna suraty, «Idris Baba medresesi barada rowaýat», «Çopan rowaýatlary» we beýleki işleri görkezilýär.
Bu ýerde «Garrygala. Magtymgulynyň älemi», «Mollagara», «Köýtendagyň gözel künjekleri» ýaly çeper manzarlary goýlupdyr. Onuň «Çöle telwas» manzary tomaşaça güýçli täsir edýär. Oba durmuşyndan gürrüň berýän «Iki goja söhbeti», «Şadyýan hekaýat», «Çagalar oýny» we beýleki işleri hem özüne çekiji çykypdyr.
Ýöne Ýakup Kalmyradow öz nesil daragtyny sergide görkezýän işleriniň esasy bölegi hasaplaýar. Ýakup ata-baba pederleri hakda maglumat ýygnap, öz nesil daragtyny düzüpdir, muňa Şirgazy medresesinde Magtymguly Pyragy bilen tutuş bir ýyl bile meşhur pederi Hatam şahyr itergi berýär. Sergide Hatam şahyryň gowlugy Ýakubyň elipbiýden rus diline terjime eden 42 goşgular ýygyndysy hem goýlupdyr. Ýygyndy Magtymguly Pyragynyň we Zeliliniň kitaplary bilen bir hatarda türki nusgawy şygryýetiniň nusgalarynyň arasynda özüne mynasyp orun tutdy. Ýeri gelende, Berdi Kerbabaýewiň redaktirlän Magtymguly Pyragynyň 1926-njy ýylda çap edilen goşgular ýygyndysy seýrek duşýan neşirdir.
Tekemämmet Annamämmedowyň işlerini Ýakup Kalmyradowyň suratlaryndan tapawutlandyrmak üçin bu ugurdan hünärli bolmak hökman däl. Tekemämmet nusgawy we häzirki zaman žanrlarynda döredilen özboluşly portretleri sergä hödürledi. Onuň çeperçilik garaýşy düýpgöter üýtgeşik, ol takyklykdan gaça durýar. Ol ulanýan çal-goňur reňkleri suratlarynda doly aýdylmadyk çuňňur pikirler döredýär. Kostromanyň manzarlaryndan çen tutsaň, Tekemämmedi ol ýerde gowy kabul edipdirler, bu onuň ýaşaýyş jaýlarynyň agşamky keşbindäki şahyranalygynda hem göze ilýär.
Ýene bir bellemeli zat: Ýakup bilen Tekemämmet diňe bir deň-duş bolman, eýsem, ildeşem, bir synpda hem ýörite orta hünär çeperçilik mekdebinde bile okapdyrlar. Ikisem şol bir mugallymdan sapak alypdyrlar, tanyş-bilişlerem şol bir adamlar. Şeýle bolsa-da, her nakgaşyň özüne mahsus dünýägaraýşy bar.
Bu nakgaşlaryň işleriniň sergisi tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.