Ï «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetiniň zähmet üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetiniň zähmet üstünlikleri

view-icon 2721
«Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetiniň zähmet üstünlikleri

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bedew batly ösüşleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, Berkarar Diýarymyzyň çar künjünde dürli desgalaryň we binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem eksport ugrunyň ösmegi netijesinde, ýurdumyzda sarp edilýän elektrik energiýasynyň möçberi hem barha artýar. Şonuň bilen birlikde, elektrik enjamlaryna we geçirijilerine bolan isleg hem barha ýokarlanýar.

Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, 2009-njy ýylda esaslandyrylan, energetiki desgalarda taslama, gurluşyk-gurnama, sazlaýyş-synag, işe goýberiş we abatlaýyş işlerini alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde dürli güýjenmeli elektrik energiýasyny sarp edijilere geçirmeklige niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriniň hem-de kabelleriniň dürli ölçegdäki görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Kärhananyň «Gerim» haryt nyşanly elektrik geçirijilerine diňe bir Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeginde hem uly islegiň bolmagy, bu ýerde öndürilýän önümleriň tehniki talaplara doly laýyk gelýändiginiň subutnamalarydyr.

Kärhanada elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 37 görnüşi – şol sanda, alýuminiý hem-de polat metallaryndan bilelikde taýýarlanylýan, uzak aralyklara iberilýän 500 kilowolta çenli ýokary güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamlaryna niýetlenen elektrik geçirijiler öndürilýär. Şonuň bilen birlikde kärhanada desgalardyr binalara, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasy geçirilende peýdalanylýan daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmeklik ýola goýlupdyr.

Gerimi barha giňeýän bu kärhanada elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň önümçilik zerurlygy göz öňünde tutulyp, dürli görnüşli elektrik geçiriji kabellerini öndürmeklik hem önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi, şeýle hem 4 we 5 elektrik geçiriji hatary bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine – sarp edijilere ugradylýar. Häzirki wagtda bu ýerde mis metalyndan bolan izolirlenen geçirijileri we kabelleri öndürmek işlerini ýola goýmaklyk meýilleşdirilýär.

Kärhanada önümleriň ussat hünärmenler tarapyndan erk edilýän, dünýäniň Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa ýaly ösen döwletlerinden getirilen elektrik enjamlarynda öndürilýändigini, geçirijileriň hil derejesiniň we ulanylyş möhletiniň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini belläp geçmek hem möhümdir.

Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 5 million şertli metr bolup, 2024-nji ýylyň başyndan şu döwre çenli öndüren önümi 2 million 700 müň şertli metre barabar bolupdyr.

Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklik üçin döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu kärhana tarapyndan elektrik ulgamy boýunça dürli hyzmatlar – elektrik bekediniň, howa we kabel ulgamlarynyň taslama, düýpli abatlaýyş işleri, rele goragynyň sazlaýyş, elektrik enjamlarynyň, akkumulýatorlaryň synag işleri, elektrodwigatelleriň we transformatorlaryň bejergi işleri hem-de beýleki hyzmatlary amala aşyrylýar. Şu ýyl kärhana tarapyndan Daşoguz welaýatynda ýaňy-ýakynda açylyp ulanylmaga berlen 500 kilowatlyk güýjenmeli elektrik bekedinde sazlaýyş we synag işleri, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesinde 500 kilowatlyk peseldiji beketde hem synag işleri ýerine ýetirilipdir.

Häzirki döwürde hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň çäginde gurulýan armatura öndürmäge niýetlenen kärhanada elektrik üpjünçilik işleri dowam etdirilýär. Bulardan başga-da Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän glisirrizin öndürmeklige niýetlenen kärhananyň elektrik üpjünçiligi boýunça ähli işleri «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hünärli hünärmenleridir işçileri tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Kärhananyň Malaýziýanyň «Petronas», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon oil» kompanýalarynyň elektrik enjamlarynyň abatlaýyş we beýleki işlerini amala aşyrmaga gatnaşýandygy, bu kärhananyň tutumynyň uludygyndan habar berýär. Şonuň bilen birlikde kärhana tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni we ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň birnäçesi bilen hem hyzmatdaşlyk ýola goýlupdyr. Bu kärhananyň Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hyzmat ediş bölümleriniň bardygyny hem belläp geçmek bolar.

«Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen yzygiderli gözlegler dowam etdirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň elektrik ulgamy üçin zerur bolan ýokary hilli elektrik enjamlaryny ýeterlik mukdarda öndürmeklige, bu ugurda dürli hyzmatlary ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berer.