Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pagta, gök-bakja, miwe önümleri bilen birlikde, ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanýan ýokary netijesi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu zähmet ýeňşi Siziň ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda edýän yzygiderli aladalaryňyzyň, ekerançylaryň mynasyp zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň anyk netijesidir. Edermen babadaýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň abadançylygynyň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň egsilmejek rysgal çeşmesidir.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» gol çeken Permanyňyza laýyklykda, täze taryhy döwrümizde obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler öz mynasyp miwelerini berýär. Siziň degişli Kararyňyz esasynda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary mundan beýläk-de yhlasly, öndürijilikli, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin tohumyň, döküniň, himiki serişdeleriň, tehniki hyzmatlaryň harajatlarynyň döwlet tarapyndan doly üpjün edilmegi, babadaýhanlara yzygiderli hemaýat-goldawlaryň berilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň girewidir.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Ýurdumyzda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda hem-de halkara tejribelerden ugur alnyp, tohumçylyk işine möhüm ähmiýet berilýär. Ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň kämilleşdirilmegi, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini yzygiderli artdyryp, hünär derejesini ýokarlandyrmaklary oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Bu ugry ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň işleriniň döwrebap ýola goýulmagy ýurdumyzyň alymlary üçin buýsançly waka boldy. Munuň özi ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça tohumçylyk we seçgiçilik işini has-da kämilleşdirmäge, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge oňyn şertleri döredýär.
Ak bugdaýyň watanynda buýsançly zähmet çekýän türkmen daýhanlary öndürijilikli iş alyp baryp, toprakdan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar. Täze taryhy döwrümizde Türkmenistan guşgursak ak bugdaýy bilen diňe bir öz halkyny üpjün edýän ýurt bolman, eýsem, türkmen gallasyny daşary ýurtlara eksport edýän döwlete hem öwrüldi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Sizi bereketli saçaklarymyzyň iň naýbaşy nygmaty — mukaddes çöregiň bolçulygyny döretmekde päk zähmet çekýän edermen gallaçylarymyzyň tutanýerli we joşgunly zähmeti bilen 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.