Her ýyl 11-nji iýulda bellenýän Bütindünýä ilat güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekişdi.
Bu resminama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa we ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça müdiri Ronni Lindstrom gol çekdi. Ronni Lindstrom bu hyzmatdaşlygyň taraplara Türkmenistanyň tutuş ilatynyň saglygyna we abadançylygyna uzak möhletleýin oňyn täsir etjek meýilnamalary bilelikde işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigine umyt bildirdi.
Ähtnama durmuş taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmek we maşgalalara goldaw bermekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hyzmatdaşlar, şeýle hem gender deňligini işjeň ösdürmekde ýardam bererler.
Bilelikdäki iş durmuş taýdan hyzmatlary has elýeterli etmäge gönükdirilendir. Bu durmuş hyzmatlary pudagara sazlamanyň çäginde ynanyşma telefonynyň işini, psihologik taýdan maslahat bermegi we durmuş goldawy öz içine alýar.