Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan, Size we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Goý, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar has-da pugtalansyn!
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Tamim bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň Emiri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Abdulla bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim Al Tani,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.