Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Bütindünýä Gümrük guramasynyň (BGG) Ýaponiýada geçen 10 aýlyk hünäri ösüş maksatnamasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow bu okuwy üstünlikli tamamlady. Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sonders oňa maksatnamany üstünlikli tamamlandygy barada şahadatnama gowşurdy.
Kerim Ahmedow BGG-niň sekretariatynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak bölüminde işlemek bilen, gümrük meseleleri boýunça ylmy-derňew işlerini alyp bardy. Işiň netijeleri ýolbaşçylaryň garamagyna hödürlendi.
Hünäri ösüş maksatnamasy Bütindünýä Gümrük guramasy tarapyndan Ýaponiýanyň Gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlykda 2009-njy ýylda işe girizildi. Ol her ýyl saýlanyp alnan 10 gümrük işgärine 10 aýyň dowamynda BGG-niň sekretariatynda işlemäge we gümrük işi bilen baglanyşykly dürli meseleleri barlamaga, bilimini artdyrmaga we halkara tejribe toplamaga mümkinçilik berýär.