2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.