Ï Geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň düşündirişli sözlügi neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň düşündirişli sözlügi neşir edildi

view-icon 2488
Geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň düşündirişli sözlügi neşir edildi

Türkmenistanda geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň iňlisçe-rusça-türkmençe düşündirişli sözlügi neşir edildi. Sözlükde geologiýanyň, seýsmologiýanyň we geofizikanyň dürli ugurlaryna degişli 2000-den gowrak ylmy adalga bar. Ol talyplara we ylmy barlaglary alyp barýanlara halkara edebiýatyny hem-de ylmy gözlegleri elýeterli edýär.

Sözlük Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolup biljek ýer titremeleri duýdurmak we olara seslenmek boýunça milli mümkinçilikleri güýçlendirmek» taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Adalgalar sözlüginiň üç dilde berilmegi hünärmenleriň arasynda gatnaşyklary we bilim alyşmagy aňsatlaşdyrýar, ýerli we halkara bilermenleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam edýär, seýsmologiýa pudagynda gözlegleriň üstünlikli geçirilmegini üpjün edýär.