Ï Düzmergen ýaýlasynda bol hasyl ýygnalýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Düzmergen ýaýlasynda bol hasyl ýygnalýar

view-icon 3110
Düzmergen ýaýlasynda bol hasyl ýygnalýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumy bilen birlikde hususy hojalyk ulgamy buýsançly ösüşleri başdan geçirýär. Döwletimiz tarapyndan eýeçiligiň ähli görnüşlerini we hususyýetçiligi ösdürmäge gönükdirilen ummasyz maýa goýum serişdelerem düýpli ösüşleri şertlendirýär.

Bu ugurda güneşli Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup, bereket bolçulygyny emele getirýär. Häzirki wagtda guwandyryjy ösüşlerden göwünleri galkynan telekeçiler bolsa gaýtadan işleýän senagatyň ösmegine, onuň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Halmämmet Amanmämmedowyň ýolbaşçylyk edýän zähmet toparyny görkezmek bolar. Öňdebaryjy hojalyk Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýär. Uly Balkan dagynyň degresindäki Düzmergen ýaýlasyna özboluşly bezeg berýän öňdebaryjy hojalygyň döwrebap ýyladyşhanasy hem-de bagçylyk bölümi bar.

Ýokary hil ülňülerine laýyklykda 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda işe girizilen ýyladyşhana Türkiýede, Gollandiýada öndürilen ösen enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Elbetde, belent maksatly tutumlaryny döredijilikli ösdürip, sazlaşykly, utgaşykly alyp barýan tejribeli telekeçiniň bu gün işleri ileri. Döwletimiziň mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän tebigy taýdan arassa, ter gök önümler bilen raýatlarymyzy ýylyň dowamynda yzygiderli üpjün etmek baradaky tabşyryklar üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Şu günlerde bolsa Düzmergen ýaýlasynda agrotehniki talaplara laýyk ösdürilip ýetişdirilen miweli baglaryň hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly alynyp barylýar. Bu ýerde öndürijilikli zähmet çekýän bagbanlar özleriniň ýetişdiren bereketli miweli baglarynyň bol hasylyny ýygnap, Günbatar sebitiň bazarlaryna, söwda nokatlaryna elýeterli bahalardan ugradýarlar. Bäsleşige ukyply, tagamly hem-de ýokumlylygy babatda esasy azyklyk önümleriň hatarynda durýan miweleriň alyjylaram ýeterlik.

-Döwlet derejesinde kabul edilýän taryhy ähmiýetli çözgütler beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri hem has-da kämilleşdirdi. Şonuň ýaly-da biz-telekeçileriň öňünde hem giň mümkinçilikleri açdy.

Mundan birnäçe ýyl ozal Uly Balkan dagynyň alkymyndaky 22 gektar ýeri miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, şol sanda döwrebap ýyladyşhanany gurmak üçin 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldym. Miweli baglaryň her biriniň ylmy-önümçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilişine aýratyn üns-ähmiýet berdik. Bu bolsa bize bu döwletli işe taýýarlykly girişmäge ýardam etdi. Bu günem bagbanlarymyz birnäçe ýyllap çeken irginsiz zähmetleriniň hözirini görýärler.

Biz-telekeçilere döredip berýän çäksiz möçberli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok-diýip, tejribeli telekeçi, başarjaň guramaçy Halmämmet Amanmämmedow gürrüň berdi.

Ussat telekeçiniň gürrüň bermegine görä, Düzmergen ýaýlasyndaky miweli baglaryň tutýan meýdany bäş gektar bolup, onda 2016-njy ýylda oturdylan miweli baglaryň 5500 düýbi indi dört ýyl bäri oňat hasyl berip gelýär. Diňe bir geçen ýyl bu ýerde şetdaly, erik, alma, armyt, garaly, ülje, hurma, pisse, behi ýaly baglardan ýygnalyp, welaýatyň sarp edijilerine ýetirilen miweleriň umumy möçberi 18 tonna ýetdi. Şu tomus möwsüminiň başyndan bäri ýygnalan dürli miweleriň bereketli hasyly jemi 12 tonna golaý boldy. Balkanabatly bagbanlar bu görkezijini şu möwsümiň ahyryna çenli ymykly artdyryp, pesinden 20 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Ýakyn geljek ýyllarda ýaýlada baglaryň hasam ýokary hasyl berjekdigi mese-mälim görünýär. Mundan başga-da, zähmetsöýer telekeçi Halmämmet Amanmämmedow miweli baglaryň tutýan meýdanyny giňeltmegi, olaryň hasyllylyk derejesini görnetin artdyrmagy maksat edinýär. Şu babatda hem geljek ýyl üçin taýýarlanylyp goýlan 7 gektar ekin ýere üzüm çybyklary, ýene 5 gektar meýdana dürli miweli baglaryň nahallary oturdylar.

Alma, armyt, şetdaly ýaly miweli baglaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşlerem bar. Şeýle-de miweli baglaryň ählisi hem damjalaýyn usulda suwarylýar. Munuň özi, ata-babalarymyzyň her damjasyny altyna deňän mukaddes suwunyň ýekeje damjasynyň-da yrýa bolmazlygyna, onuň düýpli tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär.